Çaga kürtekçesi, Köken


Çaga kürtekçesi



«Bal süýji, baldan-da bala» diýip, öz balasyny ýelden ýelpäp, Günden gorap ulaldýan türkmen halky çaga eşiklerine hem aýratyn ähmiýet berip, olaryň dürli görnüşlerini döredipdir. Olaryň biri hem çaga kürtekçesidir. Çaga kürtekçesi onuň eşikleriniň, köýneginiň üstünden geýdirilýär. Ol gurama görnüşinde dürli keteni böleklerinden tikilýär. Kürtekçäniň egninde üçburçlyk şekilinde eginçesi bolýar. Onuň gyralaryny dürli reňkli seçekler bezeýär. Ýeň ýerine özboluşly üçburçlyk edilýär. Kürtekçäniň arka tarapyna alaja tutulyp, oglanjygyňka ok-ýaý ýaly kümüşden ýasalan şaýlar dakylýar.
Çaga kürtekçesine dakylan düwme daş-töwerekde oýnap ýören körpäniň nirededigini aýan edipdir. Şonuň üçinem eneler öz çagalarynyň kürtekçesine dürli şaý-sepler bilen birlikde, düwme hem dakypdyrlar. Yzyndan «çaga tirkelsin» diýlen ýagşy niýet bilen kürtekçäniň aşagy basdyrylmandyr.



Köken



Köken çaganyň kürtekçesiniň üstünden geýdirmek üçin taýýarlanylýar. Ony alajadan örüp, biri-biri bilen pişme görnüşinde çatýarlar. Ol çagany gözden-dilden, bela-beterden goraýar diýlip yrym edilýär.