«Milli mirasy öwrenmekde halypa-şägirtlik mekdebi» atly okuw maslahaty geçirildi


«Milli mirasy öwrenmekde halypa-şägirtlik mekdebi» atly okuw maslahaty geçirildi



Türkmen halky milli gymmatlyklara, medeni mirasa baý halk. Türkmenistan Diýarymyz tutuş sebitde umumadamzat gymmatlyklarynyň iň köp saklanyp galan medeni ojagy. Türkmen halky bütindünýä mirasyna, dünýäniň medeni ösüşine mynasyp goşant goşan ýurt hasaplanylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan adyl syýasatlarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem gadymy we baý milli mirasymyzy öwrenmäge, ösdürmäge we dünýä jemgyýetçiligine ýaýmaga gönükdirilendir.

2023-nji ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasy ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy boýunça Konwensiýasyny kabul etmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň bilelikde guramagynda geçirilen «Milli mirasy öwrenmekde halypa-şägirtlik mekdebi» atly okuw maslahaty hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden medeni mirasyny öwrenmegiň meselelerine bagyşlandy. Maslahata mirasy öwrenijiler, senetkärler, dutar-gyjak ussalary, medeniýet-sungat işgärleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda türkmen milli keşdeçilik sungaty, keçe basmagyň milli tejribesi, demir ussaçylygy, türkmen milli tagamlary, dessançylyk sungaty, kilim dokmaçylygy, tüýdük-dutar ussaçylygy ýaly ugurlar, milli gymmatlyklarymyzy öwrenmekde we ösdürmekde halypa-şägirtlik mekdebiniň ähmiýeti dogrusynda çykyşlar edildi.

Maslahatyň çäginde hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň milli mirasy, medeni gymmatlyklary baradaky maglumatlary ýerlerden toplamak, öwrenmek we wagyz etmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly mynasybetli, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan türkmen halkynyň maddy däl medeni mirasynyň görnüşlerine degişli bolan maglumatlary toplaýjy, mirasy öwreniji we höwesjeň ýaşlaryň arasynda «Asyrlara ýörelge- nesillere görelde» atly bäsleşik yglan edildi. Maslahatyň dowamynda türkmen milli saz gurallarynda ýaňlanan sazlar maslahata aýratyn şowhun çaýdy.

Okuw maslahatyna gatnaşyjylar öz çykyşlarynda bu okuw maslahatynyň türkmen halkynyň baý medeni gymmatlyklaryny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýedigini, häzirki döwürde milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny öwrenmek we ösdürmek üçin ähli şertleriň bardygyny bellediler hem-de bu ugurda döredilen giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyşly sözlerini aýtdylar.

Şeýle maslahatlary geçirmegiň maksady milli mirasy öwrenmekde özara tejribe alyşmakdan, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny mynasyp derejede dowam etdirmekden ybaratdyr.

Ogultäç HOJANAZAROWA.