Silkme telpek
Buýralary seçelenip duran silkme telpekler halkymyzyň milli baş gaplarynyň naýbaşylarynyň biridir. Toý-baýramyň ýaraşygy bolan ak we gara reňkli silkme telpekleri pederlerimiz uly höwes bilen geýipdirler. Derini öz elleri bilen eýläp, taraşlap, biçip, tikip sungat derejesindäki başgaby taslapdyrlar. Silkme telpekleri tikýän ussa telpekçi diýipdirler. Kiçijik oglanlardan başlap, ähli ýaşdaky erkek kişiler üçin niýetlenen bu telpekler milli gymmatlyklarymyzyň biri hökmünde biziň günlerimize gelip ýetipdir.
Tüýi buýralanyp duran bagana telpekler bir hepdelik, ösgünräk tüýli başgaplar bolsa üç aýlyk guzularyň derisinden taýýarlanýar. Telpege başlamazdan öň taýýarlyk işleri görülýär. Ilki deri arassalanýar. Täze deriniň iç ýüzündäki ýorkalar, ýag düwmeleri usullyk bilen aýrylýar. Soňra çygjaryp duran deri duzlanyp, ýarym aý töweregi kölegede guradylýar. Şu döwürde derini suwdan, ýagyşdan goraýarlar. Deri mazaly gurandan soň, aşgar taýýarlanýar. Bu işde telpekçi ussa ýaş ýigitler şägirt hökmünde kömek berýärler. Aşgar üçin arpa uny amatlydyr. Arpa unundan suwugrak hamyrmaýa edilip, ýyly ýerde goýulýar. Hamyrmaýa 3-4 günüň dowamynda taýýar bolýar. Onuň turşumtyk ysy aşgara öwrülendiginiň alamatydyr. Turşan süzmäni ýada salýan aşgary soňra deriniň iç ýüzüne endigan çalýarlar. Deri eplenip, birnäçe gün goýulýar. Eger aşgarlamak işi ýaz, tomus paslynda geçirilýän bolsa 6-7 günüň dowamynda, güýz we gyş aýlarynda bolsa 10-15 günden deriniň eýi ýetýär. Şeýle-de bolsa entek onuň işi gutarmaýar. Halypa ussa eýlenen derini ýörite gural bilen arassalaýar. Ol gurala deriçiler deri kepjesi diýýärler. Kepje bilen arassalanan derä soňra çalgy daşy sürtülip ýylmanýar. Taýýarlyk işleri doly gutarandan soň, deri ýuwulýar we guradylýar. Deri müşderiniň kellesiniň ölçegine görä biçilýar we tikilýär. Ulurak deriden kiçiräk telpekleriň ikisini çykaryp bolýandygyny ussalar aýdýarlar.
Pederlerimiz iň gymmatly telpeklere bagana diýip, at beripdirler. Beýle telpekler örän ýaş guzularyň derisinden tikilipdir. 3-4 aýlyk guzularyň derisinden taýýarlanan silkme telpekler owadanlygy, gelşikliligi bilen tapawutlanýar. Ony ata-babalarymyz buýsanç bilen geýipdirler. Gyşda sowukdan, tomusda epgekden goraýan şeýle telpekleriň hyrydary köp bolupdyr. Beýik Ýüpek ýoly bilen türkmen topragyna gelýän belli täjirler şeýle ygtybarly telpekleri Nusaýyň, Merwiň, Ürgenjiň bazarlaryndan satyn alypdyrlar.