Çaý barada
Türkmeniň gadymy däp dessurlarynyň biri onuň myhmansöýüjiligidir. Elmydama öýe myhman gelende onuň öňüne saçak ýazylyp, çaý hödür edipdirler. Çaýyň dürli-dürli görnüşleri bolup, ol dünýäniň ähli ýurtlarynda giňden ulanylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “ÇAÝ – MELHEM HEM YLHAM ” kitabynda hem çaýlaryň dürli görnüşleri barada, şol sanda sary çaý barada hem aýdylyp geçilýär.
Umuman, sary çaý barada aýdanyňda:
Sary çaýlar diýilýän çaýlar hem bar. Bu çaýlar çaý agajynyň iň ter ýapraklaryndan, köplenç, yañy açylyp ugran pyntyklaryndan alynýandygy üçin, saýlama diýlip hasap edilýär. Şol pyntyklary kölegede ýa-da çala Gün düşýän ýerde guradýarlar. Taýýar sary çaýyň dänejikleri gögümtil ýa-da sarymtyl öwüsginli bolýar. Sary çaý daşky görnüşi boýunça gök çaýa çalym etse-de, tagamy taýdan ondan tapawutlydyr.
Sary çaý diýseň lezzetli bolup, owurtlanyňda agzyň içini gamaşdyrýan tagamy, üytgeşik hoşboý, näzik ysy bar.
Ýene bir tapawudy bolsa onuň gaty ajylygydyr, demläniňden soň käsäňe guýanyňda akjymak-ýuwan ýaly görünse-de, owurtladygyňsaýyn şähdiňi açýanlygydyr. Bu çaýyň Watany hem Hytaýdyr. Ony öndürmek üçin Fuszýan welaýatynyň iň gowy plantasiýalaryndan ýyglan çaý ýapraklary ulanylýar. Uly bolmadyk ol ýapraklar dykyzlygy hem-de has «etlekligi» bilen tapawutlanýar. Sary çaýyň tehnologiýasy üçin diňe şol ýapraklar gerek.
Ýewropada sary çaýlar hakda az bilýärler. Munuň hem özboluşly sebäbi bar. Sebäbi köp ýyllaryň dowamynda sary çaýlary Hytaýdan çykarmak gadagan edilen eken. Umuman, çaý söwdasy bilen bagly kadalaryň bozulmagy, bu harydyň gaçakçylyk (kontra-banda) ýoly bilen daşalmagy Hytaýda berk jeza çäreleri bilen kesgitlenen. Häzirki wagtyň nukdaýnazaryndan seredeniňde, olaryň has täsin galdyrýanlary-da bar. Mysal üçin, XVI asyrda daşary ýurtlulara bikanun çaý berendigi üçin, imperatoryň giýewsi Ou Ýan-Luna jeza höküm edilipdir.
Hytaýyň özünde sary çaýy ilki-ilkiler diňe imperatoryň köşgünde, soňrak bolsa in ýokary derejeli emeldarlaryň ýygnanyşygynda we dini däp-dessurlar berjay edilende içipdirler. Diňe XIX asyryň 30-60-njy ýyllarynda sary çaýy samyr derisiniň deregine Russiýa ibermäge rugsat berlipdir. Şol döwürlerde we 1895-nji ýylda ýapon - hytaý urşunyň bes edilmegine sebäp bolan Simonosek ýaraşygyndan soň, sary çaýlar Günbatar Ýewropa aralaşyp başlaýar. Geçen asyryň 60-njy ýyllarynda bolsa Hytaý ýene-de öňki syýasatyna dolandy. Sary çaýyň daşarky bazara çykarylýan mukdary azaldylyp, onuň assortimenti kemeldildi.