TÜRKMEN KEÇESI
Halkymyzyň pähim-paýhasy, döredijilikli gözlegleri bilen dünýä medeniýetine amaly-haşam sungatynyň kämil nusgalary miras galypdyr. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder paýhasyndan, zenanlaryň çeper döredijiliginden kemala gelen we ýyllaryň tejribesinde baýlaşan nusgalyk mirasymyz mynasyp bahasyna eýe bolýar.
Türkmen milli amaly-haşam sungatynyň arzyly gymmatlyklarynyň biri hem bahar ýaýlasy deýin owadan keçelerdir. Keçeler türkmen durmuşynda möhüm orun eýeleýär. Bu gadymy senet, müdimi sungat gelin-gyzlarymyzyň el hünäriniň miwesi bolup, milletimiziň döreden maddy we ruhy medeniýetiniň gaýtalanmajak nusgasydyr. Türkmen zenanynyň hünärli gol zähmetinden döreýän bu gymmatlygy öwrenmek, ösdürmek we onuň ynsan durmuşyndaky ähmiýetini dünýä jemgyýetçiligine giňden ýaýmak döwrümiziň wajyp wezipeleriniň biridir. Şol maksatdan ugur alnyp, halkymyzyň gadymy keçe taýýarlamak senediniň inçe syrlary, keçe gülleriniň many-mazmuny, keçe önümleriniň halkymyzyň durmuşynda tutýan orny barada söhbet açýan «Türkmen keçesi» atly kitap türkmen, rus we iňlis dillerinde çapa taýýarlanyldy. Golaýda, «Türkmen keçesi» atly kitap türkmen, rus we iňlis dillerinde çap bolup çykdy.