Öýlerimiz çagaly, ýorganlarymyz balaly bolsun


Öýlerimiz çagaly, ýorganlarymyz balaly bolsun



Türkmeniň döreden milli gymmatlyklarynyň içinde ýapynmak üçin taýýarlanylýan ýorganlar hem ähmiýetli orunda durýar. Ýorgan taýýarlamagyň tejribesi el işleriniň aýratyn bir nusgasy hökmünde asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelipdir. Ýorgan çigitlenen pagtadan edilse ýumşak we jana ýaramly bolýar.
Ýorgan tikmek üçin ilki ýüpek pagtany arassalap, çigitlemeli. Ony daşarda güne serip goýmaly. Soňra ýylgyndan edilen saýgyçlar bilen saýmaly. Pagta taýýar bolansoň ýorganyň daşlygyny tikmeli. Bir adamlyk ýorganyň ýüzlügi üçin iki metr mata gerek bolýar. Ondan soň onuň döwürýanyny aýlamaly. Ýorgan taýýarlanylanda bir döwürýan, şeýle hem goşa döwürýan edilýär. Ýorganyň iç ýüzi hem ýönekeýräk matadan tikilýär. Ýorganyň daşy tikilende bir gyrasynda ýa-da ortasynda iki garyş ýaly ýeri tikilmän goýulýar. Ýorganyň galyňlygyna, ýukalygyna görä bäş kilogram, iki-üç kilogram pagta salynýar. Ýorganyň pagtasyny salmak üçin ýorganlyk üçin tikilen matany çöwürmeli we ýazgyn edip goýmaly. Soňra tekiz edip pagtalamaly. Pagtalanan ýorganyň dört burçuny deň togalap gaýtmaly. Soňra tikmän goýan ýerimizden çöwürmeli. Ondan soň gowy, tekiz edip düzlemeli, ýazgyn edip ýazmaly, pagtalaryny tekizleşdirmeli. Pagtasy süýşmez ýaly kä ýerinden kök atmaly. Soňra sapagyňy ikirdikläp çekip çykmaly. Uly ýorganlar çekilende ýaryndan başlanylyp alnyp gidilýär. Soňra beýleki ýary sekilýär. Ýorgan çekilende olaryň arasy bir sere, düşek bolsa üç barmak aralykda çekilýär. Ýorgan çekilende ilki gyra döwürýanyna aýlanyp çykylansoň, ýorganyň ýüzi galýar, ýorganyň ýüzi inine çekilýär, uzynlygyna çekilmeýär, düşekçeler uzynlygyna çekilýär. Jaý salnanda agajyň ugruna ýatmaly däl diýilýär, ýorgan çekilende hem şol yryma laýyklykda ýorganyň inine çekilýär. Gelin ýorgan tikilende baş ujuna we döwürýanyna düýe ýüň salynýar. Öňki döwürlerde her burçuna aşyk tikilipdir.
Ýorgan taýýarlanylanda, onuň ýüzi atlaz, ýüpek, mahmal matalardan, ýönekeýräk ýüň gyňaçlardan hem edilýär. Ýorganyň döwürýany hem owadan matadan taýýarlanylsa gelşikli bolýar. Ýorganlar bir adamlyk, iki adamlyk edilip taýýarlanylýar. Ýaz üçin ýeňilräk we gyş üçin has agyr, ýyly ýorganlar taýýarlanylýar. Ýorgan taýýar bolansoň, onuň gutlugyny ýetirmeli. Onuň üçin bir çagany ýorganyň üstünde ýatyryp iki gapdalyny galdyryp, eýläk-beýläk togalaýarlar. “Öýlerimiz çagaly, ýorganlarymyz balaly” bolsun diýlip yrym edilýär. Ýorganlar ulanmak üçin, şeýle hem ýörite myhmanlar üçin myhman ýorganlary taýýarlanylýar.

Ogultäç Hojanazarowa