DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY


DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

2024-nji ýylyň 9-njy iýulynda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň bilelikde guramagynda, ýazyjy-şahyrlaryň we žurnalistleriň gatnaşmagynda döredijilik duşuşygy geçirildi.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralardyr çäreler ýurdumyzda hem-de halkara derejesinde giň gerimde dowam edýär.