Nusgalyk gymmatlyk


Nusgalyk gymmatlyk



Türkmen zenanlarynyň gadymdan bäri meşgullanyp gelen hünärmentçilik senetleriniň biri ýüpekden taýýarlanýan önümleri öndürmekdir. Ýüpek ketenilere halkyň islegi hemişe uly. Ýüpek matalar we ýüpek bilen nagyşlanan geýimler hiç haçan öz gymmatyny ýitirmeýär. Şeýle bolansoň türkmen zenanlarynyň hünärmentçilik işleriniň arasynda dürli görnüşli ýüpek matalary dokamak dowam edip gelýän senetleriň biridir.

Türkmen milli eşiklerinde keşdeler esasy orny eýeleýär. Kämilleşip, sünnälenip, hünärden sungata öwrülen milli keşdeçilik köp dürlüligi bilen haýrana goýýar. Durşuna nagyş bolup duran çyrpylarymyz, gyzyl hem-de ýaşyl reňkli nusgawy kürtelerimiz, gelinlerimizi uz görkezýän düýpli gyňajymyz, gyzlarymyzyň başyny bezeýän köz ýaly ýanyp duran keşdeli tahýalarymyz özüniň bezeliş kompozisiýasy boýunça sungat derejesine ýetirilen gymmatlyklaryň hatarynda durýar. Kemine şahyryň döredijiliginde:

Seniň eliň, meniň dilim hünäri,

Nusga bolup galsyn, ilden-illere –

diýen şahyrana setirler bar. Hawa, şahyryň aýdyşy ýaly bu gadymy ilde dünýä çawy düşen nusgalyk gymmatlyklar döredilipdir. Türkmen milli egin-eşikleri özüne çekijiligi bilen dünýä ýüzünde meşhurdyr.