Şa serpaýly ussalar


Şa serpaýly ussalar



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen medeni mirasymyzy ylmy taýdan öwrenmäge we giňden wagyz etmäge uly üns berilýär. Maddy däl medeni mirasymyzyň naýbaşy nusgalary hasaplanylýan dutar ýasamak, telpek tikmek, keçe basmak, çäkmen dokamak ýaly el senetlerine bolan gyzyklanma barha artýar.
Bu günki günde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň bu ugurda alyp barýan köpugurly işleri netijesinde, ýurdumyzda maddy däl medeni mirasymyzy has-da kämilleşdirmäge saldamly goşant goşýan ussalaryň ençemesi «Çeper döredijiligiň Halk ussasy» diýen belent ada mynasyp boldular. Olar öz senetleri bilen ýurdumyzda geçirilýän toý-baýramlarymyz mynasybetli guralýan sergilere-de yzygiderli gatnaşýarlar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň uludan toýlanan günleri milli senedimizi ösdürmekde uly hyzmatlary bitirýän, inçe senediň eýeleri bolan ussalarymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri boldular. Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Halaç şäheriniň ýaşaýjysy, dutar ussasy Baýramguly Jumaýew, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Şorgala geňeşliginiň Şorgala obasynyň ýaşaýjysy, telpekçi Kakamyrat Harazow, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap medeniýet bölüminiň Täzeýol oba medeniýet öýüniň hyzmat ediş işgäri, keçe önümlerini taýýarlaýjy Annanabat Agageldiýewa, Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Mülkýazy geňeşliginiň Mülkýazy obasynyň ýaşaýjysy Aknabat Towyýewa dagy Şa serpaýy bilen sylaglandylar. Olar uzak ýyllaryň dowamynda zähmet siňdirip taýýarlaýan milli senetlerimiziň inçe syrlaryny ýaşlara geçirmekde bimöçber işleri alyp barýarlar. Şa serpaýly ussalar halkymyzyň medeni mirasynyň kämilleşmegine uly üns berýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

Ogultäç Hojanazarowa