Salyr-saryk ýolundaky ussatlar


Salyr-saryk ýolundaky ussatlar



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň türkmeniň milli ýol-ýörelgelerine uly üns bermegi bizi diýseň buýsandyrýar. Milli mirasy öwrenmekde halypa-şägirtlik mekdebinde Mähriban Arkadagymyzyň millilige ýugrulan kitaplary bize ebedi mekdepdir. Türkmen halkynyň baý aýdym-saz döredijiligi bar. Alyslardan dowam edip gelýän bagşyçylyk sungatyny şu günlere gelip ýetmeginde bagşy-sazandalarymyzyň taýsyz tagallasy bardyr.

Gahryman Arkadagymyzyň şeýle bir ajaýyp sözi bar : ,,Biz öz medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge goşant goşan adamlarymyza guwanmaga haklydyrys,, diýen dürdäne setirleri biziň geçmişimizde soňlanmajak yz goýan ussatlara has-da buýsanjyňy artdyrýar.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň gurnamagynda Salyr-saryk bagşyçylyk ýolunda öçmejek yz goýan Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Gyzylgojaly obasynda ýaşap geçen, Türkmenistanyň halk bagşylary, bilbil owazly ägirtleri Uly Garly bagşy Ilaman ogly-135, Kiçi Garly bagşy Soltan ogly-130 ýyllygy mynasybetli halypa bagşylary ýatlap, olaryň hatyrasyna aýdym-sazly, saz-söhbetli dabara gurnaldy. Pendi ilinden, bir obadan bolan täsin owazlary bilen öz ussatlyklaryny görkezen bagşylaryň sarpasy belentden-belent tutulýar.

Bir welaýatyň şol bir etrabynda doglup, bir döwürde ýaşan Garly atly iki sany bagşynyň bolandygy sebäpli, olary biri-birinden tapawutlandyrmak üçin il arasynda Uly Garly, Kiçi Garly diýip atlandyrypdyrlar. Uly Garly Ilaman ogly 1885-nji ýylda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Gyzylgojaly obasynda dünýä inýär. Şol döwürlerde Remezan-oraza aýynyň başlanandygyny buşlap çagajyklar ýaremezan aydyp, aýlanyp ýörkä, çagalaryň arasynda bir çaganyň şirin sesi Gurban bagşyny özüne çekip, ol çaganyň kimiň ogludygyny sorapdyr. Onda ýanyndaky ýaşuly öňünden çykan zady dutar edip aýlanyp ýören Ilamanyň ogludygyny aýdypdyr. Şondan soň Gurban bagşy Uly Garlynyň öýüne baryp oglany bermegini sorap, ony özüne şägirt edipdir. Onuň ilkinji öwrenen dutary heniz hem saklanypdyr. Onuň ajaýyp aýdymlary ..Leýli gelin’’, ,,Ogulbeg’’ , ,,Torgaý guşlar’’ , ,,Näz eder’’, ,,Ýandym Leýli’’ ýaly aýdymlary biz üçin hazyna gorumyzdyr. Bagşynyň öz şägirtleri Ödenýaz Nobatow, A.Arnagylyjow,A.Ýagmyrow,H.Hanmämmedow, A.Akmämmedow, M.Ýusupow dagy onuň çyn şägirdi bolup bagşyçylyk sungatyna gadam basypdyrlar. Bagşy 1965-nji ýylda aradan çykypdyr.

Garly bagşy (kiçi Garly) Soltan ogly öz döwrüniň görnükli sazandasy Soltan naýçynyň (tüýdükçiniň) maşgalasynda, 1893-nji ýylda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyndaky Gulja obasynda dünýä inipdir. Çagalykdan uly sungata bolan inçe söýgüsi, häli-şindi öýlerine gelip-gidýän bagşy-sazandalaryň gyzykly gürrüňleri Garlyny saz älemine barha çuň aralaşdyrýar. Il içinde ýaňy adygyp ugran Garly Soltan ogluna deň-duşlary, obadaşlary kiçi Garly diýip, at berýärler. Sebäbi olaryň ýanaşyk obasynda Garly atly ýene bir ilhalar bagşy barlygy sebäpli şeýle atlandyrypdyrlar. Uly Garly bilen Kiçi Garlynyň ara tapawutlary sekiz ýaş eken.

Soňra Tagtabazar etrabynyň ,,Bägül’’ çagalar-ýetginjekler öýüniň uly mugallymy, hem-de Hakyda muzeýiniň ýolbaşçysy Akynyýaz Akmuhammedow bagşylaryň her haýsy barada gyzykly gürrüňler bilen dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Bagşylar hakynda halypalaryň aýdyp geçen sözleri has-da tolgundyryjy boldy. Mylly bagşy bagşylary ýatlap: ,,Uly Garly ýaly aýdymyň jukguldysyny ýerine ýetirýän bagşy ýok’’diýmegi, ýa-da Oraz Salyryň:,,Uly Garly aýdym aýdanda edil owadan galyba salaýýar, aýdymyň artyk, kem ýerini tapmarsyň’’ diýipdir. Magtymguly Garlynyň aýdan sözi bagşylara hormatyňy goşalandyrýar. ,,Biz bir gijeläp aýdym aýtsagam, şol bagşylaryň (Uly Garly, Kiçi Garly, Nobat bagşy) bir aýdym aýdanyça-da gynanamyzok , olar aýdym aýdanlarynda tüýs ýürekden aýdýarlar, biz bolsa bokurdakdan ýokarda aýdýarys’’ diýip belläpdir. Alym W.A.Uspenskiý: ,,Kiçi Garly we Nobat bagşy saz çalanda bularyň haýsy sazy alyp barýar, haýsy kowup barýar saýhallamak kyn. Men bularyň haýsyna birinjiligi bermelidigini çözüp bilemok. Men Kiçi Garla şeýle sowal berdim’’ Eger seniň eliňden dutaryňy alaýsalar näderdiň?” diýemde ol ’’Ölerdim’’diýip jogap berdi. Kiçi Garly saz çalanda diňleýjilere şeýle güýçli täsir edýär’’ diýip bagşylaryň ussat bagşylar bolandygyny belläp geçipdir. Soňra etrabyň 11-nji orta mekdebiň aýdym-saz mugallymy, ussat bagşy Çary Bazarow gürrüňi hem-de ajaýyp aýdymy bilen çykyş etdi. Başgada birnäçe bagşy-sazandalar bagşylary ýatlap aýdym-saz bilen çäräniň gyzygyny artdyrdylar.

Türkmen halkynyň ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryny, uzak geçmişiň ruhy medeniýetini saklap şu günlere gelip ýetmegine çeken irginsiz azaplary şaýatlyk edýär. Medeni we ruhy baýlyklarymyzy dürli döwürlerde ýaşan adamlarymyz döredip, şu günlere gelip ýetmegine öz goşantlaryny goşandyrlar. Uzak ýyllaryň dowamyndan geçmişini seljerläp gelen, geljekki ösüş ýoluna ynamly äden ata-babalarymyzyň miras gory bu gün bize akaba çeşmesidir. Geçmişe göz aýlaňda şu günümiz bilen berk baglanyşyk bar. Bu hem biziň saz-sungatymyzda has-da aýdyň duýulýar. Milli mirasymyz aýratynda aýdym-saz sungatymyz geçmişimiziň hem-de şu günümiziň aýnasydyr.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň Mary welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de Tagtabazar etrap medeniýet bölüminiň gurnamagynda geçirilen bu çäräniň gyzykly, şowhunly geçmegi bagşylara goýulýan hormatyň aýdyň subutnamasydyr. Elbetde, ol bagşylaryň waspyny edip gutaryp bolmaz. Olar durky-düýrmegi bilen aýdym-saza baglanyp, ömürlerini sazsyz-söhbetsiz geçirmedik adamlar bolup taryhy sahypalarymyzda yz goýup gitdiler. Bu bagşylar bu günki türkmen ýaşlarymyza edebi nusga, görüm-görelde bolup olary alyslara alyp gitmek hem ýaşlaryň mukaddes borjy bolup durýar. Aýdym-saza uly üns berilýän zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň. Arkadagly Serdarymyzyň ajaýyp tutumlarynyň dowam bolýan döwründe, aýdym-saza örküni baglan ussatlara uly sarpa goýulýar. Goý, şeýle zamanada bagşy-sazandalarymyzyň hormaty belent tutulýan döwürde, olaryň täsirli durmuş ýollaryny öwrenmek, agtarmak her birimize parzdyr.

Şeýle hormat-sylagy bildirmäge giň mümkinçilik açan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza çyn ýürekden minnetdarlygymyzy bildirýäris. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara ýar bolsun!