Nobat bagşy (1900-1938)


Nobat bagşy (1900-1938)

Hormatly Prezidentimiziň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda: «Halypalaryň ýakyndan ýardam bermeginde Nobat bagşy, Hydyr bagşy, Oraz salyr, Oraz Sopy, Garly bagşy, Muhy bagşy, Magtymguly Garlyýew, Nazar baga, Nursähet Halsähedow, Ýazmuhammet Köse, Hojanazar Berdiýew, Sähet Porsyýew ýaly bagşy-sazandalaryň hem ussatlygy kämilleşdi. Olaryň ajaýyp sungaty halkymyzyň medeni mirasynyň hazynasyny baýlaşdyrdy» diýip belleýär.
ХХ asyryň birinji ýarymynyň atly, halypa bagşylaryndan biri hasaplanýan Nobat Amansähedow 1900-nji ýylda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Baýraç obasynda dünýä inýär. Ol şu obada öz çagalygyny geçirýär.
Nobat bagşynyň kakasy Amansähet bagşy we kakasynyň dogany Gurban bagşy sazanda hem aýdymçy hömünde diňleýjileriň arasynda giňden tanalypdyr. Gurban bagşy Nobatda uly ukybyň, höwesiň bardygyny duýup, oňa çagalykdan dutardyr aýdym öwredip başlaýar. Özüniň ähli söýgüsini, ussatlygyny ýaşajyk inisine siňdirýär. Netijede, ol ýedi ýaşynda halkyň öňünde aýdym aýdyp, çykyş edip başlaýar.
Nobat Amansähedow 20 ýaşynda, eýýäm ussat bagşy, sazanda bolup ýetişýär. Özboluşly ýerine ýetirijilik ussatlygyna eýe bolan bagşynyň repertuary örän giň bolupdyr. Nobat bagşy saz gurallarynyň hemmesinden gowy baş çykarypdyr. Ol gargy tüýdügini bilbil ýaly saýradyp bilipdir. Nobadyň adynyň soňuna tiz wagtdan «bagşy» diýen uly hormaty aňladýan söz goşulyp ugraýar. Ady diňe bir Murgap boýlaryna däl, eýsem ýurdumyzyň dürli künjeklerine giňden ýaýraýar.
1925-nji ýylda onuň ussatlygyna saz öwreniji W.Uspenskiý uly baha berýär.
Ol Nobat bagşynyň «Atçapar», «Aýjemal», «Ýa, Rahym» atly üç aýdymyny ýazyp alýar. 1926-1927-nji ýyllarda döredilen Türkmen radiokomitetine Nobat bagşy ilkinjileriň hatarynda işe gelýär. 1929-njy ýylda ol Mollanepes adyndaky Talyplar teatryna işe çagyrylýar. Teatrdaky işiniň daşyndan Sazçylyk tehnikumynda-da ýaşlara hünär öwredýär.
Nobat bagşy hem däbe eýerip, birnäçe şägirt terbiýeläp ýetişdirdi. Şolardan biri-de öz ogly Ödenyýaz Nobatowdyr. Ödenyýaz hem kakasynyň ýoluny dowam etdirip, ussat aýdymçy, sazanda, gyjakçy we tarçy hökmünde ýurdumyzyň çäginde tanalýar. Milli aýdym-saz medeniýetiniň ösmegine uly goşant goşan Nobat bagşy Amansähet ogluna 1991-nji ýylyň mart aýynda «Türkmenistanyň halk bagşysy» diýen hormatly at dakylýar. Onuň asylly kärini, ýerine ýetirijilik däplerini ogly Ödenyýaz Nobatow (1930-2006) dowam edip, täze belentliklere ýetirdi. Meşhur halypanyň sazanda nesli, agtyk-çowluklary milli medeniýetimiziň dürli ugurlarynda göreldeli zähmet çekip gelýär.