ALABAÝ TÜRKMENIŇ MILLI GYMMATLYGYDYR
Pederlerimizden miras galan gymmatlyklarymyzyň ýokary derejede sarpalanýan zamanasy bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň medeni gymmatlyklarynyň döreýiş we ösüş taryhyny, özboluşly milli aýratynlyklaryny, terbiýeçilik we umumadamzat ähmiýetini öwrenmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn işler täze rowaçlyklara beslenýär.
Häzirki wagtda halkymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýän taryhy we medeni gymmatlyklarymyzyň naýbaşy nusgalaryny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşmak baradaky tagallalar dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar.
Medeni miras – bu halkymyzyň buýsanjyna öwrülen milli baýlygymyzdyr. Şolaryň hatarynda türkmeniň dünýä belli milli gymmatlyklarynyň biri hem alabaý itidir. Alabaý iti adamzat döräli bäri türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolup hyzmat edip gelipdir.
Çarwaçylyk bilen meşgullanan ata-babalarymyz ymgyr Garagumuň sähralygynda goýun-geçi bakyp, olary köpeldip, ösdürip ýetişdirmek we ýyrtyjy haýwanlardan gorap saklamak üçin gaýduwsyz, wepaly, batyr, hüşgär, örän düşbi goýun itlerini – alabaýlary döredipdirler. Halkymyz bu ugurda ýüzýyllyklara daýanýan itleri seçip-saýlamak, köpeltmek we kämilleşdirmek babatynda baý tejribe toplapdyrlar. Alabaýlar goýun sürüsini goramakda we bakmakda çopan durmuşynyň möhüm zerurlygy bolupdyr.
Türkmen alabaý itleriniň arassa tohumynyň saklanyp galmagynda çopanlara uly orun degişlidir. Çünki, çopanlar goýun itlerini güjüjekliginden alyp terbiýeläpdirler. Netijede, çopanyň janyna deňeýän mallaryny bakmaga, goramaga gaýym, mert, wepaly, örän sak we türkmen tebigatynyň yssy, sowuk şertlerine çydamly alabaýlar döredilipdir.
Itleri saýlap almak we terbiýeläp ýetişdirmek tärleriniň dürli görnüşleri dowam edip gelipdir. Bu babatda ilkinji nobatda itleriň gelip çykyşy, nesilbaşylary anyklanypdyr. Çopançylyk tejribesine laýyklykda «goýun itini» edinmek däbinde güjügi öz enesine saýlatmak usullary hem ulanylypdyr. Hünärmenleriň berýän maglumatlaryna görä munuň üçin birnäçe usullar peýdalanylypdyr. Güjükler doglanyndan soň haýsy güjük enesiniň ýanyna ilki barsa, şony iň dogumlysy hasaplapdyrlar, ýa-da güjükler garaňky jaýa salyp goýlanda ene it haýsy güjügini birinji ysyrganyp tapsa, şol iň gowy it bolar diýip çaklanypdyr. Şeýle hem haýsy güjügiň ýokarky äňi gara bolsa, şol güjükler örän batyr, sak goýun itleri bolup ýetişýär diýlen pikirler dowam edipdir. Goýun itleri üçin saýlanyp-seçilen güjükler çopanlar tarapyndan dürli synaglardan geçirilipdir. Güjügiň terbiýesine aýratyn ähmiýet beripdirler. Ilki bilen iýmitlenşine aýratyn ünsli bolupdyrlar. Olary ir süýtden aýyrmandyrlar, enesiniň ýanynda saklapdyrlar. Güjükler çopanlar, hem eneleri tarapyndan terbiýelenipdir. Gowy terbiýelenen itler kerwen bilen daş ýurtlara hem äkidilipdir. Olar sak durup kerweni we kerwendäki adamlary gorapdyrlar.
2019-2020-nji ýyllarda ýurdumyzyň dürli künjeklerine gurnalan ylmy-medeni ekspedisiýalaryň dowamynda çopanlar bilen bolan söhbetdeşiliklerde goýun iti barada örän täsirli we gyzykly gürrüňleriň şaýady bolduk. Çölde hökman möjek bolýar. Çopanlaryň aýtmagyna görä, möjek çozjak bolsa itiň sesi üýtgeýär. Has howsalaly çykýar. Aýazda möjek sürä çozanda agzyny açyp gelýär. Agzyny ýumup gelse sürä daranda hem boş çykýar. Sebäbi sowukda möjegiň dili agzyna ýelmeşip galýar. Möjek gündüzine hem ýapyrylyp gelip bilýär. Ol süýrenip gelýär. Halk arasyndaky gürrüňlere görä rysk paýlananda möjege «Sen toýun iýmeli diýlipdir», ol eşitmezlige salyp, «Ýaglyja boýun diýýäňizmi?!» diýipdir. Oňa «Sen ýaglyja boýun iýjek bolsaň garşyňda it dörär» diýlipdir. Möjek sürä daranda goýnuň boýnundan tutup alyp gaçýar eken. Möjek: «Meniň gulagym bolmadyk bolsa men çopana görünmezdim» diýermiş. Möjek üç günläp sürüden awuny alyp bilmese beýleki sürä göçmek bilen bolýar. Möjek itiň sesinden batyrmy, dälmi aňlaýar. Itiň sesi batyr çyksa gorkýar, ýuwaş çyksa sürä çozmak bilen bolýar. Möjek sürä çozanda it möjek bilen uruşsa hökman ite goýnuň guýruk ýagyny ýa-da hamyr bermeli. Görnüşi ýaly goýun itine çopan durmuşynda uly orun degişli.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi nyşany hökmünde türkmen alabaýynyň saýlanyp alynmagy çuňňur many-mazmuna eýedir. Ýurdymyzda itşynaslygyň kämilleşdirilmegi, ynamdarlygyň nusgasyna öwrülen alabaý itleriniň ösdürilip ýetişdirilmegi, merdana alabaýyň at-abraýynyň dünýä ýaýylmagy dogrusynda uly aladalar edilýär. Muňa Ak bugdaý etrabynyň çäginde «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, Halkara alabaý itleri assosiýasyýasynyň döredilmegi, Änew şäherinde öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen weterinariýa bejerişhanasynyň we öý haýwanlaryny saklaýan toplumyň gurlup ulanylmaga berilmegi aýdyň subutnamadyr.
Häzirki döwürde milli itşynaslyk mekdebiniň iň gadymy däpleri dowam etdirilip, bütin sürüniň goraýjysy bolan itleri taýýarlamak, terbiýeläp ýetişdirmek mynasyp derejede dowam etdirilýär. Alabaýlary ýetişdirmegiň milli tejribelerinde onuň ähli aýratynlyklaryny ýitirmezlik esasy wezipeleriň biridir. Bu ugurda gazanylan üstünlikleri wagyz etmek maksady bilen «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» atly žurnaly döredildi.
Hormatly Prezidentimiz özüniň taryhy çykyşynda: «Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna birikdirmek, türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek sungatyny, türkmen keçe sungatyny, türkmen demirçilik senedini, türkmen tazysyny we elguş sungatyny, türkmen milli göreşini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek zerurdyr» diýip, belläp geçdi. Bu bolsa halkymyzyň umumadamzat ähmiýetli gymmatlyklaryň eýesidigini we olaryň dünýä derejesinde ykrar edilmegi dogrusynda ýurt derejesinde uly aladalaryň edilýändigini ýene bir gezek tassyklaýar.
Mähriban Diýarymyzyň beýik ösüşlere beslenmegi, halkymyzyň milli mirasynyň we medeni gymmatlyklarynyň dünýä derejesinde tanalmagy ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.
Goý, milli mirasymyzy ösdürmek we olaryň umumadamzat ähmiýetini dünýä ýaýmak babatynda Peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň döwletli işleri elmydama rowaç alsyn!