UMUMADAMZAT ÄHMIÝETLI SUNGAT “Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty” ÝUNESKO-nyň “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawynda”


UMUMADAMZAT ÄHMIÝETLI SUNGAT

“Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty” ÝUNESKO-nyň “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawynda”



2021-nji «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň soňky günleri ruhuňy göteriji üstünliklere, rowaçlyklara beslenip taryha girdi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyz bolsa ajaýyp üstünlikleri bilen bosagamyzdan ätledi. Muny bize gelip gowşan ajaýyp habar hem doly tassyklaýar.
Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym, medeniýet baradaky guramasy bolan ÝUNESKO bilen alnyp barylýan işleriň çäklerinde 2019-njy ýylda «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly milli hödürnama boýunça ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky Konwensiýasynyň talaplaryna laýyklykda resminamalar taýýarlanylyp, bu abraýly halkara guramanyň garamagyna hödürlenipdi. Ýaňy ýakynda bolsa, ýagny 2021-nji ýylyň 13-18-nji dekabry aralygynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky Hökümetara komitetiniň 16-njy mejlisi geçirilip, Türkmenistan tarapyndan hödürlenilen «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly milli hödürnama seredildi. Netijede, 15-nji dekabrda Hökümetara komitetiniň ähli agzalarynyň biragyzdan goldamagy esasynda «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» girizilendigi baradaky hoş habar gelip gowuşdy.
Habar berlişi ýaly, şu ýylyň 30-njy ýanwarynda ÝUNESKO-dan degişli güwänamanyň asyl nusgasy gelip gowuşdy. Bu habar bütin türkmen halkynyň ýüreginde çäksiz buýsanç, guwanç duýgusyny döreden waka boldy. Bu buýsançly waka, bu hoş habar Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda paýhas goýup döreden gymmatlyklarynyň dünýä derejesindäki gymmatlyk hökmünde ykrar edilýändigini, taryhy we medeni ähmiýetli mirasymyzyň naýbaşy nusgalarynyň dünýä medeniýetinde tutýan ornuny ebedileşdirmekde Arkadag Prezidentimiziň alyp barýan işleriniň bimöçberdigini ýene bir gezek tassyklaýar.
Halkymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň dünýä mirasynda mynasyp orny bar. Şol gymmatlyklaryň naýbaşy nusgalarynyň biri hem türkmeniň parahatçylyksöýüji häsiýetini sazyň dili bilen beýan edýän türkmen dutarydyr.
Dutar türkmen halkynyň umumadamzat ähmiýetli medeni mirasy bolmak bilen bu saz guralynda ýerine ýetirilýän çuň mazmunly aýdymdyr sazlaryň agzybirligi, parahatçylygy, ruhubelentligi, ynsanperwerligi, watanperwerligi ündemekde ägirt uly hyzmaty bar. Halkymyzyň çeper döredijiliginiň kämil nusgasy bolan dutar türkmeniň ýaşaýyş durmuşynda ebedi orun alan, türkmen taryhyny saz dili bilen beýan edýän mukaddes senetdir. Türkmeniň Görogly ýaly milli gahrymanlaryny hem dutarsyz göz öňüne getirmek mümkin däldir. Görogly ýurt goragçysy, halk howandary, ylhamly şahyr, joşgunly bagşydyr. Onuň ruhubelentlige çagyrýan aýdymdyr sazlary eseriň mazmunyna ajaýyp öwüşgin, üýtgeşik mazmun çaýýar.
Taryhyň galagoply döwürlerinde söweşjeň esgerleriň ruhuny saz bilen götermek ýörgünli däp bolup dowam edipdir. Bu jadylaýjy sungatyň kesel bejerijilik, rahatlandyryjylyk ukyba eýeligi hem ylmy taýdan esaslandyrylan. Muhammet Gaýmaz Türkmeniň “Pygamber tebipçiligi” atly kitabynda hem “Aýdym-saz ruhy lukmançylyga degişli, şadyýanlyga, hatda kä¬bir haýwanlaryňam şatlanmagyna sebäp bolýan zatdyr” diýlip bellenilip geçilýär.
Türkmen aýdym-saz mirasynyň gadymy kökleri barada söhbet açylsa onda irki döwürlerden bäri saz sungatyny öwreniş ylmy boýunça hem düýpli işleriň alnyp barlandygyna göz ýetirmek bolýar. Aýdym-saz ylmynyň taryhynda türkmen saz sungatynyň kerweniniň başyny çeken sazanda Berbadyň döredijiligi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Saz eserleriniň çeperçiligini kämilleşdirip, halkylygyny artdyran bu beýik ussat barada Nyzamy Genjewiniň “Hysrow we Şirin” eserinde mynasyp baha berilýär:

Özara söhbetler kiparlan bada,
Gezek ýetdi Nekisadyr Berbada,
Çang bilen berbediň owazyn goşup,
Ikisi saz çaldy şeýle üýtgeşik.

Bagşyçylyk sungaty gadymy we kämil sungat. Ol türkmeniň belent ruhuny, ahlak sypatlaryny, halkyň watançylyk duýgularyny özünde jemleýän sungat. Bagşyçylyk sungatynyň ýerine ýetirijilik däplerini kemsiz özleşdiren bagşy – aýdym aýdýar, saz mirasynyň syrly tilsimleriniň, öwrümleriniň ussady bolan sazanda – saz çalýar. Dessançy bagşy bolsa dessan parçalaryny ýatdan öwrenip, wakalary, hereketleri we gahrymanlaryň ruhy ahwallaryny ussatlyk bilen diňleýjiniň göz öňünde janlandyryp başarýar. Görnüşi ýaly, iki kirişli, şirin owazly dutaryň türkmen aýdym-saz sungatyndaky orny-ähmiýeti we ýerine ýetirýän hyzmaty uly. Dutar sazlary türkmeniň kalbynyň synmajak owazydyr.
Arkadag Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň medeni-taryhy we ruhy gymmatlyklaryny, milli sungatyny gorap saklamak we ylmy esasda düýpli öwrenmek, olaryň umumadamzat ähmiýetini dünýä ýaýmak boýunça giň gerimli işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Kärine ussat ussalaryň çeper döredijilik işiniň kämil nusgasy bolan dutar milli saz guralyny ýasamak tejribesi, ezber elli sazanda tarapyndan onda saz çalmak we bagşylar tarapyndan aýdym aýtmak sungaty ýyllaryň syn-synagyndan geçip gelen, juda kämilleşen sungat. Bu sungat zanny ýagşylyga, päklige ýugrulan türkmeniň dostlugynyň, doganlygynyň, ynsanperwerliginiň köňül kelamyny illere-uluslara gowşurýar. Dutar sazlary türkmeniň ýürek owazy bolup, ynsanlary parahatçylyga, jebislige çagyrýar. Türkmen sazynyň beýik hyzmaty halkyň ynsanperwerlige esaslanýan ruhy taglymatyny dünýä ýaýýanlygyndadyr.
Kümüş tarly dutarda ýerine ýetirilýän aýdymdyr sazlar ynsan göwünlerini birleşdirýän ruhy güýje eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen bu günki gün bu pirli senet, gadymy we müdimi sungat dünýä derejesindäki gymmatlyga öwrüldi. Adamzat ähmiýetli nusgawy gymmatlyk hökmünde ykrar edildi. Muňa üstümizdäki ýylyň 15-nji dekabrynda “Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty” atly hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna” girizilmegi aýdyň subutnamadyr. Naýbaşy medeni-ruhy gymmatlyklarymyzyň biri bolan milli aýdym we sazlarymyz halkymyzyň ruhy hemrasyna öwrülip, heňňamlaryň hekaýatlaryny çözläp we sözläp geldi. Bu sungat ençeme asyrlap ynsanlary ruhy galkynyşa atardy. Halkymyzyň agzybirlik, parahatçylyk, ruhubelentlik ýaly häsiýetleri aýdym we saz eserleriniň süňňüne ornaşyp, türkmeniň ynsanperwerliginiň belent derejesini dünýä ýaýdy.
Merdana halkymyz gadymy döwürlerden bagtyýarlyk döwrümize çenli gelip ýeten baý medeni mirasyny, halk döredijiligini, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýratyn sarpalaýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde bu gymmatlyklaryň adamzat üçin taryhy ähmiýeti dünýä ýaýylýar. Çünki, gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan milli gymmatlyklaryň ösdürilmegi we çuňňur öwrenilmegi jemgyýetiň sazlaşykly ösüşiniň ilerlemegine, pederlerimiziň paýhasy bilen döredilen mirasymyza bolan söýgüdir hormatyň has-da artmagyna uly itergi berýär. Biziň bahasyny ölçäp bolmajak we watançylyk duýgularyna eýlenen gadymy dessanlarymyz, aýdym-sazlarymyz, halk döredijiligimiz, sungat derejesine ýetirilen milli senetlerimiz umumadamzat ähmiýetli gymmatlyklarymyzdyr. 2015-nji ýylda «Görogly dessançylyk sungatynyň», 2016-njy ýylda Nowruz baýramynyň, 2017-nji ýylda «Küştdepdi aýdym we tans dessurynyň», 2019-njy ýylda «Türkmen milli halyçylyk sungatynyň» ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» girizilmegi muňa aýdyň mysaldyr.
Saz mirasymyzyň taryhynda mäkäm orun alan goşa tarly dutar asyrlaryň ruhuny süňňüne siňdiren milli senedimizdir. Bu gadymy senetde ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen meşhurlyga eýe bolan Amangeldi Gönübek, Garadäli gökleň, Kel bagşy, Mylly Täçmyradow, Nobat bagşy, Sahy Jepbarow ýaly bagşy-sazandalarymyz aýdym-saz mirasymyzyň bsaýlaşmagyna we kämilleşmegine mynasyp goşant goşan halypalarymyzdyr. Olaryň ussatlyk mekdebi bu ugruň ýaş nesilleri üçin nusgalyk ýörelgedir.
Türkmeniň ýüreginiň joşgunyndan, kalbynyň ruhubelent owazyndan, eneleriň hamrak ýüreginiň hüwdüsinden gözbaş alan aýdym-saz sungaty ynsanperwerligi, halallygy, jebisligi, adamkärçiligi ündeýän çuňňur paýhasa we pelsepä ýugrulan sungatdyr. Şonuň üçin türkmen milli aýdym-saz sungatynyň dünýä medeniýetindäki orny belentdir, ähmiýeti uludyr. Alym Arkadagymyzyň türkmen milli aýdym-saz sungaty barada gymmatly maglumatlary özünde jemleýän «Ile döwlet geler bolsa... » atly kitabynda belleýşi ýaly: «Halk arasynda «Bagşyly halk – bagtly halk» diýilýär. Hemme döwürlerde bagşy hoş habaryň buşlukçysy, şatlygyň hem parahat durmuşyň jarçysy hökmünde görlüpdir. Şonuň üçinem, türkmenler gadym döwürlerden bäri aýdym-saz sungatyna aýratyn hormat bilen garapdyrlar».
Türkmen milli medeniýetiniň asyrlara uzaýan taryhynda we şu günki bagtyýarlyk döwründe milli senetçiligimiziň naýbaşy nusgalarynyň biri hasaplanylýan dutar ussaçylygyna uly orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde belent heň bilen ýaňlanýan, toý-baýramlarymyza aýratyn bezeg berýän gadymy hem baý aýdym-saz sungatymyzy, halk ussaçylygyny ösdürmäge, onuň geljekki nesillere ýetirilmegini üpjün etmäge we ählitaraplaýyn öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi.
Senetkäriň ussahanasynda kämil sungat guraly dutar döreýär. Çünki, senetkärçilik hem döredijilik. Dutar ussaçylygy hem senetçilik sungatynyň döredijilik ussatlygyny özünde jemleýär. Ussa synçy nazary bilen şirin saz berip biljek tut agajyny saýlaýar. Ondan kämil saz guralyny ýasamak üçin ussaçylygyň dowam edip gelýän tejribesine daýanyp, yhlas bilen işe başlaýar. Göräýmäge ýönekeý hasaplanylýan dutar saz guralyny ýasamak ýeňil-ýelpaý iş däl. Ol hem wagt talap edýär hem sabyr, hem ussatlyk. Ussa ýönekeý agajy ýonup, kebşirläp iki kirişli, ylhamly sazlary bilen dünýäni haýrana goýýan dutar saz guralyny ýasaýar. Dutary ussa ýasaýar, bagşydyr sazanda bolsa oňa dil bitirýär.
Dutar ussaçylygy hormatly kär. Senetçiligiň kämil mekdebini geçen ussalar bu mukaddes käri ussatlarça ele alyp, barha kämilleşdiripdirler. Dutar senetçiligi olaryň çeper döredijiliginiň, gözlegleriniň kämil önümidir. Şeýle bolansoň çeper döredijiligiň inçe tilsimlerini ele alan ussalar türkmen milli saz gurallaryny ýasamagy hem sungat derejesine ýetiripdirler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň hiç haçan öz gymmatyny ýitirmejek mirasy bolan milli saz gurallary senetçiligini ösdürmek, pederlerimizden miras galan bu senetçiligiň dünýä medeniýetiniň hazynasynda tutýan ornuny ebedileşdirmek, ynsana egsilmejek ruhy lezzet berýän ajaýyp sungatymyzy, türkmen milli saz mirasymyzyň gazananlaryny dünýä ýaýmak, özboluşly ussatlygy we döredijilik ukyby bilen senetkärçilik älemine aralaşan dutar ussalarymyzyň döredijiligini we olaryň esasyny goýan halypa-şägirtlik mekdebini döwrebap ýollar bilen dowam etdirmek we bu inçe senedi geljekki nesillere ýetirmek babatynda ýurdumyzda ägirt uly işler alnyp barylýar.
Türkmen toýlarynyň dabarasy, asyrlaryň ruhy joşguny bolan milli aýdym-saz sungatymyz ömürlik hemramyz. Bu sungatyň bagşyçylyk ýollarynyň özboluşly däpleri halypadan şägirde geçip, dowamat dowam bolup gelýär. Çünki, Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan milli-medeni, taryhy ähmiýetli mirasymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe belent heň bilen durmuşymyzy bezeýär, göwünlere ganat berýär. Bu sungat köňülleriň kelamy bolup ynsanlary jebisleşdirýär. Gahryman Arkadagymyzyň jaýdar belleýşi ýaly, ol «Adamlaryň kalbyny joşdurýar, olary ýaşaýşa ruhlandyrýar».
Ynsan kalbynyň ruhy ganatyna öwrülen aýdymdyr sazlarymyzyň, halk senetçiliginiň nusgawy gymmatlyklary bolan milli saz gurallarymyzyň öwrenilmeginiň, ösdürilmeginiň, bu ugurdaky tejribeleriň indiki nesillere ýetirilmeginiň rowaçly menzillerine giň ýol açan Arkadag Prezidentimiziň jany sag, mertebesi belent, döwletli işlerinde üstünlik baky hemrasy bolsun.

Ogultäç HOJANAZAROWA