TAŇRY GIŇ EÝLESE BENDE KÖŇLÜNI


TAŇRY GIŇ EÝLESE BENDE KÖŇLÜNI

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynda jemgyýetçilik hakykatlaryň waspnamalary, meňzetmeleri folklor tymsallaryň, durmuş gözellikleriniň we simwoliki aňlatmalaryň üsti arkaly çeper teswirlenýär. Türkmen poeziýa sungatynda söýgüli şahyrymyz käbir sözleriň many gurşawyny täze edebi gözýetimler, liriki jümleleriň gorlary bilen has-da kämilleşdiripdir. Dünýäniň çeperçilik söz sungatynyň ösmegine uly goşant goşan üç ýüz ýaşly Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hünärmenleriň bellemegine görä, elli müňden gowrak sözler, adalgalar, leksik birlikler duş gelýär. Şolaryň biri hem rysgal sözüdir. Ussadyň şahyrana sesinde, çeper matlabynda, mazmun galypynda rysgal sözi bilen bagly stilistik ýordumlar, durmuş ahlagy, joşgunly pikirlenme medeniýeti uly orny eýeleýär.

Ynsanyň rysgal çeşmesi ömürlere örklenilen bagt pursatlar, mertebeli we sagadatly ykbal, hormat, asylly halkyň buşlukçysy, Taňrynyň mübärek peşgeşi, Hak hazynasynyň jemaly, hojalygyň gündelik horjuny, ynsan süňňüniň kuwwaty, ýaşaýşyň mübärek ýazgydy ýaly çeper aňlatmalarda aňladylýar. Rysgal sözi akyldaryň döredijiliginde medeniýetiň gözbaşy, hikmetli iman gözelligi, halal zähmetiň kepili, jemgyýetiň ynsap ölçegi, dünýä abadançylygynyň mekdebi, ynsabyň gönezligi ýaly many gurşawlarynda arşa galdyrylýar. Rysgal bilen bagly durmuş hakykatlaryny çeper şöhlelendirmekde ussadyň ylhamly setirleri mistiki poeziýa, taryhy ösüşler bilen bagly salgylanmalara, edebi maşklara, täze çeperçilik çözgütlere baýlygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Setirleri sözler dünýäsiniň janly ensiklopediýasyny ýada salýan danyşmendiň eserlerinde rysgal sözi arap dilinde köplük sany aňladýan «rysk» atly leksik galyply görnüşde teswirlenýär. Pähimdaryň poeziýasynda we çeper diliniň stilistikasynda rysgallylygyň baş sütüni-saglyk, zähmet, wyždan arassalygy, dogruçyllyk, döwletlilik, kanagat, takwalyk, türkanalyk, rahatlyk, sahylyk, durnuklylyk, jomartlyk ýaly mukaddesliklerde, şahsyýetiň Watanyň, halkyň, jemgyýetiň öňündäki borjuny abraý bilen berjaý etmegi we olardan kanagatlanmagy, hünär, şahsyýetiň gujurly, berdaşly, işewür, ruhlanma gözellikleri, manyly ýaşaýşyň özeni, ezizlenýän, gadyrly berekediň altyn bosagasy, toý-baýramlaryň sakasy ýaly görnüşlerde dabaralanýar.

Dananyň «Bu işi», «Ar bile», «Myhmanydyr», «Gerekdir», «Zaleti gerekdir», «Iglärler», «Göçer sen», ýaly eserlerinde (jemi 25-den gowrak goşgularynda) rysgalyň sabyr, kanagat, şükür, halallyk, düşbülik bilen bagly jübütligi, umumy we bitewi ýörelgeleri ynandyryjylykly, täsir edişiň gyzykly, çalt ýatda galyjy nusgalarynda, tebigat kanunlaryna, jemgyýetçilik ösüşlerine, durmuş rowaçlyklaryna ylmy taýdan akyl ýetirmegiň medeniýetiniň we bahalandyryş ölçegleriniň gymmatyny kesgitleýän usullarda giňden açylyp görkezilýär. Söz mülküniň şasy Magtymguly Pyragynyň «Zor bolar», «Ajap eýýam gelmedi», «Göçer sen», «Ýat ýagşy», «Parhy kimdedir», «Aty gerek» atly şygyrlarynda ynsanyň ykbaly bilen bagry badaşan rysgal sözüniň mistiki häsiýetleri, ýyllaryň şejeresinde tutup gelýän orny, dünýewi gurluşy we durmuş esaslary kuwwatly poeziýanyň söz merjenleri, tämiz, kämil hasyllary arkaly giňden baglanyşdyrylyp görkezilýär. Döredijiliginde rysgal teswiriniň jadyly we syrly dünýälerini döredijilik dünýäsiniň hyjuwly duýgulary, köpugurly žanr, stil, tematik we kompozision gurluşly gymmatlyklary bilen umumyhalk edebi dilinde yhlasly gözýetimler, çuňňur nazarlar bilen wasp edýän Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy rysgal binýadynda halallygyň didar küýsegini, dilber teşneligini, nyýaz edilen didelerini, hakykatlara öwrülen hakydalary, mukaddes ýadygärlikleriň kyssalaryny, eşrete beslenen abadançylygyň güýjüni, raýdaşlygyň maddy bolçulygyny görüpdir. türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabynda orun alan «Myhman öz rysgaky bilen gelýär. Rysgal-döwlet binýadyňyz ynsapda gurulsyn!» diýen jöwher paýhasly jümleleriň akyldaryň şahyrana owazynyň melhem beriji güýji, döredijilik pentleri, rahmet bulagy bilen sazlaşmagy göwünleri ganatlandyrýar.

Dädebaý PÄLWANOW