Asyrlara Ýörelge – Nesillere Görelde


Asyrlara Ýörelge – Nesillere Görelde



Berkarar döwletimizde Hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyzy öwrenmek we halk arasynda giňden wagyz etmek baradaky syýasatlaryndan ugur alyp, türkmen halkynyň milli maddy däl medeni mirasynyň görnüşleri baradaky maglumatlary halk arasyndan toplamak, mirasy öwrenijileri, höwesjeňleri bu işe çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi tarapyndan köp ugurly işler alnyp barylýar. Şolaryň biri hem her ýyl mirasy öwrenijileriň arasynda yglan edilýän «Asyrlara ýörelge – nesillere görelde» atly bäsleşikdir.

2020-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýyly mynasybetli geçirilen «Asyrlara ýörelge – nesillere görelde» atly bäsleşigiň jemi jemlenildi. Maslahata ähli welaýatlardan bäsleşige gatnaşanlar çagyryldy. Bäsleşikde ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Diplomlary», «Hormat hatlary» we gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy. Maddy däl medeni mirasy öwrenmegiň çäginde şeýle bäsleşikleriň geçirilmeginiň ähmiýeti uludyr.