BU JAHANYŇ SERMAÝASY


BU JAHANYŇ SERMAÝASY

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy ynsan bedeniniň gurluşyna, onuň jemgyýetdäki ösüşiniň ylmy, dünýewi, ahlak esaslaryna, adamyň bedeniniň gündelik taplamagyň durmuş ýörelgelerine, dermanlyk serişdeleriň atlaryna, sagdyn hereketleriň ählumumy, işjeň häsiýetlerine, her bir adamyň fiziki we psihiki saglygynyň goralyp saklanmagyna, onuň uzak ýyllar dowam edýän işjeň durmuşyna, ruhy we ýaşaýyş abadançylygyna gönükdirilen taryhy-çeper gymmatlyklara baýlygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Poeziýanyň pähimdar pälwany Magtymguly Pyragynyň 150-den gowrak eserlerinde 70-e golaý ynsanyň beden agzalarynyň, sagdyn durmuş medeniýetiniň köptaraply ugurlarynyň tarypnamalary, edebi maşklary, salgylanmalary, çeper waspnamalary, ýörgünli meňzetmeleri, deňeşdirmeleri dowamly duş gelýär.

Söz mülküniň şasy Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda içki beden synalaryndan kalp (ýürek, göwün, köňül), diş, daşky beden agzalarynyň görnüşlerinden, hereketlerinden bolsa göz, saç (zülp), dodak, gaş, roý, murt, ker, lal, kör ýaly sözler, adalgalar birlik we köplük sanda, asyl we göçme manyda wasp edilişi, aňladylyşy boýunça ilkinji orunda durýarlar we olar bäş dilde-türkmen, umumtürki, sanskrit, pars we arap ýazuw sözleýiş medeniýetine mahsus bolan sinonimdeşlik hatarynda köptaraply şöhlelendirilýär.

Ynsan gözelliginiň, ahlagynyň we mukaddes duýgularynyň beýik jarçysy Magtymguly Pyragynyň saglyk bilen bagly taglymatlarynyň çeper wasp edilişiniň hyjuwly dünýäsini şertli dört ugry öz içine alýan eserler bilen bagly şygyrlara bölmek bolýar. Onuň ilkinji toparyny sagdyn durmuş medeniýetiniň umumy ahlak taraplaryny, adaty däpleriň düzgünlerini, arassaçylyk kadalaryny, jemgyýetde raýatlaryň erbet, ýaramaz, zyýanly endiklerden saklanmagy, melhemli ösümliklerden, gözel künjeklere syýahatçylyk saparlardan peýdalanylmagy ündeýji, wasp ediji «Nas atan», «Çilimkeş», «Päliň seniň», «Naskeş», «Çilim», «Çilim çekmegil», «Munda çilimkeş», «Gara reň bolar», «Aýrylma», «Söhbet ýagşydyr», «Gidiji bolma» ýaly şygyrlaryny goşmak bolar.

Döwürleriň gadyrly gahrymany bolup, kalp köklerini kökerip ýyllaryň ezizläp gelýän, çeper sözüň dilinde durmuş hakykatynyň mukamçysyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde orun alan sagdyn durmuş medeniýetiniň çeper setirleri ähli döwürler üçin gymmatlydyr.

Dädebaý PÄLWANOW