Gyjagyň owazy şirin


Gyjagyň owazy şirin



Türkmen halky gadymy döwürlerde dürli saz gurallaryny döredipdir. Munuň şeýledigini arheologik tapyndylar we nusgawy şygryýetimiziň nusgalary hem tassyklaýar. Türkmen edebiýatynyň nusgawy eserlerinde, şadessanlarda sazşynaslaryň, folklorçylaryň ylmy işlerinde we köp sanly syýahatçylaryň ýol ýazgylarynda ata-babalarymyzyň ulanan saz gurallary barada gymmatly maglumatlar bar.
Gyjak—kirişli, kemençeli saz guraly bolup, ol tut agajyndan, tabak görnüşli şekilde ýasalýar. Gyjagyň kemençesi göni ýada ýarym aýlaw görnüşinde agaçdan ýasalýar. Oňa atyň ýaly berkidilýär, kirişleri 3 ýa-da 4 sanydyr.
Orta asyr sazandasy we alymy Derwüş Aly özüniň «Saz baradaky traktatynda» gyjagyň X—XI asyrlarda oýlanyp tapylandygyny belleýär. Geçmişde «gyjak» sözi peýda bolmazyndan öň, bu saz guralynyň başgaça atlandyrylan bolmagy hem mümkin.
Parfiýa döwletiniň paýtagty Nusaý galasyndan tapylan ritonlarda dürli saz gurallaryny, şol sanda gyjagy çalýan sazandalar şekillendirilipdir. Arheologlar tarapyndan tapylyp alnan heýkeljiklerde sazandalaryň keşpleri bar.
Türkmen gyjagynyň göwrümi we ses hatary dutaryň ses hataryndan tapawutlanmaýar. Onuň ortaky kirişi dutaryň aşaky taryna meňzeşdir.