«Keşdelere siňen nepislik» atly dabara geçirildi
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýüniň giň eýwanynda «Keşdelere siňen nepislik» ady bilen saz-söhbetli dabara geçirildi. Türkmeniň keşdeçilik sungatyna bagyşlanan bu dabara Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Ahal welaýat we Ak bugdaý etrap bölümleri, beýleki jemgyýetçilik guramalary hem-de medeniýet bölümi tarapyndan bilelikde guraldy. Oňa medeniýet we sungat işgärleri, keşdeçi zenanlar, mährem eneler gatnaşdy.
Dabaranyň çäginde giň gerim berlen sergä gyzyklanma uly boldy. Nepislik bilen ýerine ýetirilen el işleriniň sergisinde milli öwüşginler aýdyň duýlup, görenlerde ýakymly täsirleri döretdi.
Eli hünärli gelin-gyzlaryň, mährem eneleriň keşde we beýleki nepis işleri ýerine ýetirip oturan pursatlary dabaranyň bezegini artdyrdy. Onuň barşynda milli medeni mirasyň aýrylmaz bölegi bolup durýan halkymyzyň keşdeçilik sungatynyň özboluşlylygy bilen bagly buýsançly gürrüň edildi. Bagşy-sazandalaryň joşgunly aýdym-sazlarynda bolsa, eli hünärli zenanlarymyzyň waspy belentden ýetirildi.