BEG BALASY SADRANÇ OÝNAR NARD BILEN


BEG BALASY SADRANÇ OÝNAR NARD BILEN

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkara olimpiýa hereketiniň ynsanperwer ýörelgelerini, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň esaslaryny wagyz etmekde we ornaşdyrmakda, medeniýetiň düzüm bölegi bolan sportyň hereket işjeňligini kämilleşdirmekde, adamyň uzak ýaşamagyna gönükdirilen paýhas, hereket başarnyklaryny we endiklerini, beden ukyplaryny we sypatlaryny ösdürmekde, türgenleriň, raýatlaryň ýaşaýşyň zähmet, jemgyýetçilik, maşgala-durmuş, dynç alyş görnüşlerine işjeň gatnaşmaklary, dünýä ýaryşlarynda ýokary sport netijelerini gazanmaklary üçin amatly şertleri döretmekde, halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda uly işler durmuşa geçirilýär.

Bedenterbiýe we sport syýasaty döwletimiziň ösüşiniň, bagtyýar geljegimiziň, jemgyýetimiziň hem-de mähriban watanymyzyň sazlaşykly ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmen halky dünýä halklarynyň arasynda hereketli, akyl, zyňmak, mergenlik, ýüzmek, seýislemek, götermek, çekişmek, bökmek, pälwançylyk, ylgamak we ýaş aýratynlyklary bilen bagly onlarça oýunlaryň dürli görnüşleriniň döremegine we kämilleşmegine uly goşant goşan beýik halkyň biri hasap edilýär. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde saglygyň gymmatly häsiýetleri, bedenterbiýe maşklarynyň toplumlarynyň düzümleri, türgenleşmegiň durmuş ýörelgeleri, atçylyk, tans sungaty, beden synalarynyň gündelik ösüş, işleýiş tapgyrlaryna badalga berýän gymmatlyklar barada hikmetli çeper setirleri köp duş gelýär.

Sagdyn durmuş medeniýetini we ahlagyny wagyz edýän tyllaýy setirler akyldaryň 120-ä golaý goşgularynda köptaraply öwüşginlerde owazly ýaňlanýar. Söz mülküniň soltany Magtymguly Pyragynyň her bir sözünde edebi kyssalaryň ebedi adamzat tarapyndan döredilen, şahsyýetiň sazlaşykly ösmegine, watançylyk duýgularynyň terbiýelenmegine, ýokary ahlaklylyk we kämil ruhy häsiýetleri kemala gelmegine, raýatlaryň gözellik talaplaryny we bähbitlerini kanagatlandyrmaga gönükdirilen maddy we taryhy gymmatlyklaryň dürler jemlenýär. Ussadyň eserlerinde jemgyýetde medeniýetiň bir bölegi bolup çykyş edýän, sportyň ýokary netijeliligini, umumy we durmuş gigiýenasyny, hyzmatlaryň taryhy üstünliklerini wasp edýän «Dert iňňildär» atly goşgusynyň birinji bendinde

***
Bir baý oglunyň elinde
Sadranç oýnap, nerd iňňildär-
***
diýen hem-de «Dert bilen» diýen şygrynyň üçünji bendinde

***
Gäwdär ogly doňuz bilen it oýnar,
Beg balasy sadranç oýnar nard bilen-
***

atly jadyly setirleri okamak bolaýar. Ynsan kalplaryna häkimlik edýän şahyryň setirlerindäki nard we sadranç sözleri sport medeniýeti bilen berk baglanyşyklydyr. Nard sözi-nerd leksik aňlatmasy bilen bir bitewi manydaşlyk hataryny emele getirýär. Nard-ýüzi 24 hana bölünen düz tagtanyň üstünde 15 sany ak, 15 sany gara «heýkel» (şaşka) goýlup hem-de ýüzüne birden alta çenli nokat goýlan iki sany tas (nard oýnunyň kubikleri) bilen oýnalýan halkyň arasynda giň ýaýran akyl hereketli sport oýnydyr. Irki orta asyr ýazuw ýadygärliklerinde bu meşhur oýun akyl başarnyklarynyň rüstemligi, ejir çekmelerden saplanmak, ahlagyň arzyly aýnasy, matematiki ylymlaryň gözükdirijisi, durmuş gönükmelerini ýeňmek, asudalygyň bosagasy, päkize duýgularyň jylawdary, şowly ädimleriň başlangyjy hasap edilipdir. Sadranç sözi arap dilinden terjime edilende «kalbyň ýokary göterilmegi» we «ýeriň-gögüň iň ulusy», «ykbalyň güýçliligi» diýmekligi aňladaýar we sözleýşiň ähli görnüşlerinde küşt adalgasynyň sinonimi hökmünde peýdalanylýar. Küşt oýnalan wagty dertsiz, gaharsyz, nahardan we şerapdan doýan haldaky bolmaly däldigi geçmişde ilkinji şert hasaplanyp, oňa ýyldyrym çaltlygyndaky tizlik bilen pikirlenmek we üstünlikli netije çykarmak, beýniniň sagdynlyk, durnukly maşklary arkaly durmuşa täze kanunlary ornaşdyrmak, hüşgärligi ösdürmegiň, çylşyrymly meseleleri çözmegiň, täze gözýetimleri orta atmagyň, giň göwrümliligiň, ünslüligiň, üşükliligiň, ezberligiň, hüşgärligiň, çeýeligiň, takyklygyň, synçylygyň, dogumlylygyň we eserdeňligiň melhemi, sabryň bulagy, jennetiň basgançagy, güneşiň dogmagy, kuwwatly paýhasyň gözbaşy diýlip hem at berlipdir.

Geçmişde küşdüň derejesi-soltanlyk suprasyny, gymmaty-welilik gupbasyny, orny-durmuşyň abadançylygyny, göçümleri-halal zähmeti aňladypdyr. Sportuň bu ugry boýunça dünýäde ilkinji bolup nazary tilsimleri we amaly düzgünlerini esaslandyran, şahyr, alym, küştçi, ensiklopedik pähimli, ylymly, köp ugurlardan bilimli şahsyýet, saz, söz sungatynyň pälwany, küşt gülzarlygynyň bilbili Abu Bekr Muhammet bin Ýahýa ibn al-Abbas as-Suly al-Gürgeni aş-Şatranjy (880-946) hasap edilýär. Sepgitleri türkmen topragynyň künjeklerinden alyslara aşan bu oýnuň Aziýada 2017-niň maksatnamasyna girizilmegi we paýtagtymyzda täze 350 orunlyk ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebiniň açylmagy, ýurdumyzyň merkezindäki «Ylham» seýilgähinde küşt oýnunyň «Adam atasy» As-Sulynyň heýkeliniň orun almagy orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerini meýilnamalaýyn bedenterbiýe sapaklarynda jadyly küşt oýnynyň inçe syrlarynyň öwredilmegi akyldaryň islegli nazarlarynyň, sarpalanýan dür setirleriniň bu günki gün täze öwüşginlerde hasyl bolandygyny aýdyň dabaralandyrýar.

Dädebaý PÄLWANOW