MERMER ŞÄHERIMIZIŇ TASLAMALARYNA SYÝAHAT


MERMER ŞÄHERIMIZIŇ TASLAMALARYNA SYÝAHAT



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurt baştutanlygyna geçen ilkinji gününden başlap, Arkadagymyzyň nusgalyk ýolundan ýöräp, türkmen ýaşlaryna uly üns bermegi ýaşlarymyzyň geljekde ýurdy ösdürmekde, belent sepgitlere ýetirmekde, uly işleri amala aşyrmagyna badalga boldy.

2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýlip, yglan edilmegi türkmen ýaşlarynyň aňynda milli mirasymyzyň nusgalyk görnüşlerini giňden ornaşdyrmakda,wagz etmekde ajaýyp sepgitlere ýetjekdiginiň güwäsidir. Şeýle hem bilşimiz ýaly 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi we bu neşiriň degişli şahadatnamasy gowşurdyldy. Aşgabat şäherimiziň owadanlygy, göreni haýrana goýýan gözelligi bu gün dünýä mälimdir.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň bilen bilelikde guramagynda 2023-nji ýylyň 10-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda «Aşgabadym – dizaýn şäherim» atly sergi gurnaldy. Bu dabaraly çärä işjeň gatnaşan ýaşlarymyzyň taslama işlerini göreniňde buýsanjyň has-da artýar. Sergide jemi 60 sany taslamalar, 32 sany maketler, 6 sany nakgaşçylyk eserleri, şeýle-de sergide amaly-haşam sungat eserleri gatnaşýar. «Aşgabadym – dizaýn şäherim» atly sergisine Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyplary iň gowy eserleri bilen gatnaşdylar. Bu dabara işjeň gatnaşanlary Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň bilen bilelikde Diplomlary bilen sylaglanyldy. Goý, döwletimiziň, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda irginsiz iş alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başlary aman bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde rowaçlyklar ýar bolsun!

Goşmaça maglumat üçin aşakda görkezilen internet salgylardan peýdalanyp bilersiňiz:

https://turkmenistaninfo.gov.tm/news/168

https://turkmenistaninfo.gov.tm/

https://turkmenportal.com/blog

https://salamnews.tm/section/jemgyyet/medeniyet

Nurmyrat Nuryýew