Surnaý


Surnaý



Halkymyzyň onlarça nesilleri tarapyndan kämillige ýetirilen, näzik owazly, ýerine ýetiriliş mümkinçilikleri taýdan örän baý bolan ajaýyp saz guraly bütin Gündogar, Kawkaz halklaryna-da giňden ýaýrapdyr.
Ylmy çeşmelerde surnaý sözi sur-naý uly tüýdük, zur-naý bolsa kiçi tüýdük manylarda düşündirilýär.
Surnaý esasan hoz, erik ýaly gaty agaçdan içi köwülüp ýasalypdyr. Surnaýyň gadymdan gelýän esasy kämil tarapy, onuň ses üflenýäniniň juda kämil oýlanyp tapylmagydyr. Üstünden on asyrdan-da gowrak wagtyň geçenligine garamazdan, ses üfleneriniň häzirki günlere çenli üýtgemän gelmegi onuň ýokary kämilliginiň alamatydyr. Türkmeniň ata-babalarynyň çalan, ondan ylham-joşgun alan bu ajaýyp saz guraly taryhda, dünýäniň saz medeniýetinde iň esasy çalynýan gaboý görnüşli saz gurallarynyň dünýä inmegine sebäp bolupdyr.
Surnaý esgerleriň ruhuny ýokary götermäge, şeýle-de, esasy heňi alyp barmakdaky artykmaç taraplaryna göz ýetiren käbir beýleki halklar hem ony kem-kemden öz harby saz toparlaryna gizipdirler.
Rus sazşynasy W.A.Matweýew özüniň «Istoriýa russkoý woýennoý muzyki» diýen kitabynda: «Üflenip çalynýan turba saz gurallary bilen birlikde surnaý saz guraly Kiýew, rus goşunlarynyň saz toparlarynda ХIII asyryň başlarynda ilkinji gezek ulanylyşa girizilipdir. Ony çalýanlara bolsa şol döwürde surnaçy diýlipdir» diýip belläpdir.
Surnaý türkmeniň «Gorkut ata», «Görogly» ýaly şadessanlarynda-da göwün göteriji, halka şatlyk paýlaýjy saz guraly hökmünde görkezilýär. Türkmen surnaýynyň näzik owazy halk sungatymyza ýenede aralaşyp başlady.