Halk döredijiliginiň ynsan kalbyny joşdurýan, terbiýeçilik ähmiýetli, milli ruhly şahyrana dünýäsi jemgyýetçilik durmuşynyň dürli pursatlary, türkmeniň çeper döredijiligi, taryhy, milli ýörelgesi, däbi we dessury barada gymmatly maglumatlara baýdyr. Şolaryň arasynda monjugatdy oýny hem möhüm orun eýeleýär. Monjugatdy ýaz aýlarynda, esasan hem Nowruzda oýnalýan oýunlaryň biridir. Monjugatdylar gözbaşyny gadym döwürlerden alyp gaýdýar. Ýaşaýşyň haýsy döwründe, haçan dörändigi anyk bolmasa-da olaryň mazmuny ýaşlaryň
arzuw- islegi, durmuşy, ýaşaýan döwrüniň dürli meseleleri bilen baglydyr.
Gyzlaryň Nowruzyň gelendigini buşlap aýdan monjugatdylarynda Nowruz bilen baglanyşykly bentleriň bolmagy bu oýnuň esasan, ýaz aýlarynda has ýörgünli oýnalandygyny aňladýar.
Nowruz geldi, ýaz geldi,
Durna geldi, gaz geldi,
Aý oturan adamlar,
Bilbilden owaz geldi.
Gülleriň nahalydyr,
Nowruzyň baharydyr,
Gyz-oglan bir-birini
Seçmeli mahalydyr—
Adyndan belli bolşy ýaly, monjugatdy oýny monjuk atmak – şygyr aýtmak ýoly bilen alnyp barylýar. Gyz-gelinler ýaz çykanda, alabaharda ilki agşamdan bir öýe ýygnanyşýarlar. Monjugatda gatnaşýan gelin-gyzlaryň her biri dürli reňkdäki ýa-da öz belligi bolan monjugyny alyp gelýär. Şol monjuklaryň hemmesi suwly gaba atylýar. Oýna gatnaşýanlaryň arasynda monjugatdy bentlerini köp bilýän
gelin-gyzlaryň biri bir bent şygyr aýdýar. Oýun başlanda oýna giriş hökmünde köplenç, şeýle setirler aýdylypdyr:
Geliň, gyzlar üýşeliň,
Bagtymyzdan diýşeliň,
Ol barýan ýigit näme?
Ýagşy-ýaman gülşeliň!
Gelin-gyzlar gülşüp-degşip, bu oýny gyzykly geçirmäge çalşypdyrlar. Ýaşlar bolsa bu oýna bije atmak däbi hökmünde-de garapdyr. Olar özlerine nähili durmuşyň garaşýandygyny, durmuş gurmak meselesinde nähili ýigdiň duşjakdygyny monjugatdy bentleriniň mazmuny bilen baglanyşdyrypdyrlar.
Oýna girişilensoň, monjugatdy bentlerini aýtmaga ökde aýal ony aýtmaga başlaýar we aýdyp bolansoň, gyzlaryň birine gabyň içindäki monjuklaryň birini çykardýar. Monjuk çykarylandan soň şol monjugyň kimiňkidigi kesgitlenip, ýaňky aýdylan bent şol monjugyň eýesine degişli, şonuň adyndan aýdylan hasap edilipdir.
Monjuk çykarylmazdan öň:
Ýokarda ýyldyz,
Telpegi gunduz,
Jana-jan ýarym,
Gelsene gündiz…
ýa-da:
Gitdi ýar, eglendi ýar,
Agaja baglandy ýar,
Bäş güne wada berdi,
On bäş gün eglendi ýar—
aýdylan monjugatdy bendi monjugy çykan gyzyň adyndan aýdylan hasap edilip, monjugy çykan gyza oýun-henek edip degşipdirler.
Ýaşlyk ynsanyň iň joşgunly döwri. Bu döwürde ýaşlarda bilesigelijilik islegi güýçli ýüze çykýar. Monjugatdy bentleriniň üsti bilen ýaş gyzlar durmuşda nähili oglana duşjakdyklaryny bilmäge synanyşypdyrlar. Özleriniň arzuw-isleglerini şol bentlerden gözläpdirler.
Monjugatdy oýnunda:
Suw geler lüle-lüle,
Ýar geler güle-güle.
Elinde gülli ýaglyk,
Ýüzüni syla-syla—
diýen ýaly bent haýsydyr bir gyzyň paýyna düşse, monjugatdy bendindäki ýöredilýän pikiri şol gyza ýöňkäp, gülşüp, degşip şatlanypdyrlar.
Monjugatdy oýnunda her kime tötänleyin dürli mazmundaky monjugatdy bendi düşýär. Monjugatdy oýnuny oýnaýan gelin-gyzlar bolsa, kime haýsy monjugatdy bendi düşse şol bent şonuň adyndan aýdylan diýip hasap edýärler. Bu oýnuň gyzgalaňyny has hem artdyrýar. Çünki, monjugatdy bentleriniň arasynda dürli mazmundaky bentler bolup, kimiň maňlaýyndan nähili bendiň çykjagy belli bolmaýar. Bu oýun gelin-gyzlar tarapyndan ýörgünli oýnalypdyr. Oýunda sanalýan monjugatdy bentleri bolsa dilden-dile geçip, gelin-gyzlar tarapyndan aýdylyp gelnipdir.
Monjugatdy oýny alnyp barlanda monjugatdy bentlerini oýna gatnaşýan
gelin-gyzlaryň hemmesi biri-biriniň yzyndan gezekli-gezegine aýdyşýan halatlaram bolupdyr. Munda her bir gyzyň ýa-da gelniň gezegi ýetende bir bent aýdyp, monjugy çykarýar we onuň ýaňky aýdan monjugatdy bendi monjugyň eýesine degişli hasap edilýär. Soňra şol çykan monjugyň eýesi oýny dowam etdirýär. Ýöne esasan, ony monjugatdy bentlerini köp bilýän, degişgen aýallar aýdypdyr. Monjugatdylar türkmen gelin-gyzlarynyň şahyrana dünýäsiniň ajaýyp arzuwlaryny özünde jemleýändigi bilen ähmiýetli orunda durýar.
Ogultäç HOJANAZAROWA