Ýazlag ýada çopan çörekleri
Häzirki döwürde bolşy ýaly, Garagum ýaýlasy geçmişde hem rysgal-berekediň, bolçulygyň çeşmesi bolupdyr. Bahar ygally gelen ýyllary adamlar Garagum ýaýlasyna ýazlaga çykyp, arly ýylyň dowamynda iýjek saryýagyny, gurduny, sarganyny edinipdirler.
Ýazlag döwri otluk örüleriň gözleginde tiz-tizden göçmeli bolupdyrlar. Şonuň üçin hem gelin-gyzlar tamdyr gurman, diňe ýazlag çörekleri hasaplanýan gömme we ýertamdyr çöreklerini bişiripdirler.
Gömme çöregi adyndan belli bolşy ýaly, çägä gömüp bişiripdirler. Munuň üçin hamyr ýugrulyp, alýança arassa çägäniň üstünde ot ýakyp, ony gowy gyzdyrypdyrlar. Soňam oduň közüni bir gapdala aýryp, gyzgyn çägä ýaýylyp, dikeç bilen dürtülen çörekleri gömüpdirler. Çörekler çägäniň gyzgynyna bişipdir. Eger çörek çägäniň gyzgynyna bişip ýetişmejek bolsa, gapdala süýşürilen közi çörek gömlen çägäniň üstüne gömüpdirler.
Ýazlag çörekleriniň ikinjibir görnüşi ýertamdyr çöregidir. Ýertamdyr çöregi adaty tamdyrlarda bişirilýän çöreklerden tapawutlanmaýar. Ýöne adyndan belli bolşy ýaly, ýertamdyr toýun toprakly ýerden gazylýar. Ýertamdyryň içi adaty tamdyryň içi ýaly bolýar. Onuň körükleri hem gapdaldan dilkaw şeklinde gazylyp çykarylýar. Ýertamdyr gazylyp bolandan soň içine çörek ýapylanda arkasyna kesek ýapyşmaz ýaly diwarlaryna şerebe, ýagly çorba sepilip, gowy bişirilýär. Diwary ýagşy bişýänçä güýçli ot ýakylýar. Şeýlelikde bu tamdyr adaty tamdyrdan tapawutlanmaýar. Bir aýratynlygy, oňa çörek ýapylanda we goparylanda çöküňe düşüp oturmaly bolýar.
Ýertamdyry ýazlag örüden göçülende soň ýene gelip ulanmaly bolanda taýýar bolar ýaly içini çägeden dolduryp gömüpdirler. Çäge gumda tozap gitmez ýaly üstüne çerkez-çeti goýupdyrlar. Soňra bu töwerege öwrülip gelenlerinde, ýene-de şol ýertamdyry ulanypdyrlar.
Ýazlag çöregi, ýagny gömme çörekdir ýertamdyr çöregi Garagum ýaýlasynda mal bakýan adamlar tarapyndan şu günler hem bişirilýär.
Serdar SOPYÝEW