HALYPALARYŇ USSATLYK MEKDEBI


HALYPALARYŇ USSATLYK MEKDEBI



«Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalynyň çägindäki döredijilik duşuşygy we ussatlyk sapaklary



Düýn, 29-njy noýabrda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynda «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyna gatnaşýan daşary ýurtly sazandalaryň türkmen kärdeşleri bilen döredijilik duşuşygy we ussatlyk sapaklary geçirildi.

Döredijilik duşuşygynda we ussatlyk sapaklarynda özboluşly ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen tapawutlanýan daşary ýurtly halypa sazandalar we bagşylar türkmen kärdeşleri bilen bilelikde ussatlyk sapaklaryny geçirdiler. Ussatlyk sapaklarynyň baş maksady aýdym-saz mirasyny çuňňur öwrenmek, bu sungatyň ýerine ýetirijilik ussatlygyny çeperçiligi bilen diňleýjä ýetirmek, halypa-şägirtlik däbini döwrebap ýollar bilen dowam etdirmek, ýaş nesillerde bu gadymy mirasa söýgi döretmek, aýdym-saz sungatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak bolup durýar. Ussatlyk sapaklary aýdym we saz sungaty boýunça bilim alýan okuwçylarda aýratyn täsir galdyrdy. Milli we daşary ýurt aýdym-sazlarynyň ýerine ýetiriliş aýratynlyklary, kämilligi, saz gurallarynyň ýasalyş usullary baradaky gyzykly söhbetler döredijilik duşuşygynyň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Ýaş bagşy-sazandalar bilen halypalaryň arasyndaky pikir alyşmalar we sorag-jogaplar döredijilik duşuşygyna aýratyn mazmun çaýdy.

Bu günki geçirilen döredijilik duşuşygy we ussatlyk sapaklary türkmen we daşary ýurt aýdym-sazlaryny öwrenmekde we ösdürmekde täze sahypany açar.

Döredijilik duşuşygyna gatnaşanlar türkmeniň ömürlik hemrasyna öwrülen milli aýdym-saz sungatynyň halklaryň arasyndaky dostluk-doganlyk we döredijilik gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdaky ähmiýetini giňden şöhlelendirýän şeýle medeni çäreleriň geçirilmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize, Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.

Ogultäç HOJANAZAROWA.