Külalçylyk sungaty


Külalçylyk sungaty

Golaýda Ahal welaýatynyň Kaka etrap medeniýet öýüniň faýesinde milli senetçilik sungatynyň görnüşi bolan külalçylyk sungaty barada sergi we gürrüňdeşlik çäresi geçirildi.

Çärede Kaka etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri Oguljennet Amandurdyýewanyň ýasan külal önümleri sergi edildi we külal önümleriniň taryhy gelip çykyşy, olaryň ýasalyşy, bezeg edilişi, şeýle hem hojalykdaky ähmiýeti we şu günki günlerde ulanylyşy barada giňişleýin söhbet edildi. Şeýle-de häzirki wagtda öz külal önümlerini ýasamak üçin ulanýan esbaplary we toýun palçygy nireden alýanlygy we nähili şertlerde ýasaýanlygy barada hem gürrüň berdi. Külal önümleriniň sergisinde bolsa, biziň dutar senedimiz, keşdeçilik sungatymyzyň milli nagyşlarynyň külal önümlerini bezeýşi, şeýle hem gadymy ýadygärliklerimiziň şekilleri görkezilip, çäräniň has hem täsirliligini artdyrdy.

Çäräniň ahyrynda senetçilik sungatymyzy ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.