NUSGALYK GYMMATLYKLARYMYZ ÝUNESKO-nyň SANAWYNDA


NUSGALYK GYMMATLYKLARYMYZ ÝUNESKO-nyň SANAWYNDA



Halkymyzyň örän gadymdan gelýän köp müňýyllyk taryhly milli baýlygy bar. Durmuşymyzda ähmiýetli orunda durýan ol gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda alnyp barylýan köpugurly işler halkyň medeni mirasy dogrusynda döwlet derejesinde edilýän uly aladalaryň netijesidir.

Türkmen halky dünýä medeniýetiniň baýlaşmagyna, kämilleşmegine täsir eden maddy we ruhy gymmatlyklary bilen giňden meşhurdyr. Häzirki döwürde Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde medeni mirasymyzyň umumadamzat ähmiýetli nusgalaryny ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» goşmak boýunça möhüm işler alnyp barylýar. Bu ugurda Bitarap Türkmenistan döwletimiz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) hyzmatdaşlygyna giň orun degişlidir. ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäginde 2015-nji ýylda «Görogly dessançylyk sungaty», 2016-njy ýylda Türkmenistan tarapyndan birnäçe Gündogar döwletleri bilen bilelikde hödürlenen «Nowruz baýramy», 2017-nji ýylda «Küştdepdi aýdym we tans dessury», 2019-njy ýylda “Türkmen milli halyçylyk sungaty», 2021-nji ýylda «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» goşuldy we umumadamzat gymmatlyklary hökmünde ykrar edildi. Şeýle hem Eýran Yslam Respublikasy bilen bilelikde «Türkmen keşdeçilik sungaty», Azerbaýjan, Eýran Yslam Respublikasy, Owganystan, Özbegistan, Täjigistan, Türkiýe we Türkmenistan döwletleri bilen bilelikde «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri», Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan, Türkiýe we Türkmenistan döwletleri bilen bilelikde «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi», atly köptaraplaýyn hödürnamalary, şeýle hem «Türkmen alabaý itini terbiýelemegiň milli tejribesi», «Türkmen ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamalary ÝUNESKO-nyň bu abraýly sanawyna girizmek maksady bilen degişli işler işjeň alnyp baryldy.

«Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri», «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» atly köptaraplaýyn hödürnamalar boýunça ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň hyzmatdaşlygynda zerur bolan çäreler agzalan hödürnamalara goşulan döwletler bilen bilelikde amala aşyryldy.

Ähli welaýatlaryň keşdeçileri, ýüpek taýýarlaýjylary, boýagçylary, şeýle hem Hoja Nasreddin Ependi hem-de onuň şorta sözleri boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýan alymlar bilen pikir alyşmalar, maslahatlar we söhbetdeşlikler yzygiderli geçirildi hem-de gerek bolan gymmatly maglumatlar toplanyldy. Toplanylan maglumatlar esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky Konwensiýasynyň talaplaryna laýyklykda resminamalar taýýarlanyldy. Taýýarlanylan resminamalar Birleşen Milletler Guramasynyň Hökümetara komitetiniň degişli bölümine ugradyldy. Bu hödürnamalar sanawa goşmak üçin nobata goýuldy.

Netijede, Birleşen Milletler Guramasynyň Hökümetara komitetiniň Marokko Patyşalygynyň Rabat şäherinde 2022-nji ýylyň 28-nji noýabry 3-nji dekabry aralygynda geçiren 17-nji mejlisinde «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi», «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalaryň resminamalarynyň Konwensiýanyň talaplaryna laýyk gelýändigi gözden geçirilip, Hökümetara komitetiniň ähli agzalarynyň biragyzdan goldamagy esasynda bu hödürnamalaryň ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» girizilendigi baradaky hoş habar gelip gowuşdy. Munuň özi milli mirasymyzyň medeni-taryhy we umumadamzat ähmiýetini dünýä ýaýyp, Berkarar döwletimiziň, mähriban halkymyzyň dünýädäki at-abraýyny belende götermekde, halk mirasynyň naýbaşy nusgalarynyň dünýä derjesinde ykrar edilmegi ugrunda alnyp barylýan döwletli işleriň miwesidir.

Ogultäç HOJANAZAROWA.