Halkyň Ruhy Hazynasy


Halkyň Ruhy Hazynasy



Milli mirasymyz jemgyýetiň ruhy baýlygynyň aýrylmaz bir bölegidir. Türkmen halkynyň gadymy medeni mirasy, ruhy gymmatlyklary asyrlaryň uzak heňňamlarynyň dowamynda barha baýlaşyp, kämilleşip gelýär. Häzirki wagtda halkymyzyň baý durmuş tejribesi esasynda toplanan milli-ruhy medeni mirasyny öwrenmek, toplamak, olaryň gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak, hasaba almak we geljekki nesillere ýetirmek babatynda möhüm wezipeler durmuşa geçirilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Eziz Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň medeni-ruhy gymmatlyklary, milli mirasy, taryhy ýadygärlikleri, halk döredijiligi, dili hem-de edebiýaty, asylly däp-dessurlary, edim-gylymlary düýpli öwrenilýär we halk arasynda giňden wagyz edilýär. Alym Arkadagymyzyň şu ýylyň 17-nji ýanwarynda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde türkmenleriň aýawly saklanyp gelinýän baý taryhy we özboluşly medeniýetine degişli subutnamalary öwrenmek, halkymyzyň hakydasynda saklanan nakyllaryň, ganatly jümleleriň ýygnalmagyna, rejelenilmegine möhüm üns bermegiň zerurdygy, halk döredijiligindäki köp sanly nakyllary we rowaýatlary ýygnap, öwrenip, alnan maglumatlary çap etmäge taýýarlamak barada beren tabşyrygyny ýerine ýetirmek maksady bilen, alymlardan, medeniýet-sungat işgärlerinden ybarat bolan iş toparlary döredildi. Häzirki wagtda medeni mirasymyzy öwreniji, ruhy gymmatlyklarymyz baradaky gymmatly maglumatlary toplaýjy toparlar ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda, etraplarynda, çetki obalarynda bolup, halkymyzyň baý medeni mirasyna, diline, edebiýatyna, taryhyna, halk tejribesine, milli sungatyna degişli maglumatlary ählitaraplaýyn öwrenýärler.

Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy döreden we halkyň arasynda saklanyp galan ruhy mirasy hem-de beýleki etnografik gymmatlyklary halkyň baý mirasynyň nusgalarydyr. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, etraplaryň iň çetki obalaryndan mirasymyzyň dürdäneleri boýunça maglumatlary toplaýjy döredijilik toparlary ýerlerde bolmak bilen, dile çeper, ýatkeş, halkymyzyň milli gymmatlyklary, folklor eserleri, däp-dessury bilen baglanyşykly köp maglumatlary bilýän dilewar adamlar, ýaşuly nesiller bilen duşuşyp, halkymyzyň meden-ruhy gymmatlyklary baradaky maglumatlary yzygiderligi toplaýarlar.

Döredijilik toparlary Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap Mary topragynda bolup maglumat topladylar. Alymlardan, medeniýet işgärlerinden ybarat bolan bu toparlar welaýatlaryň etraplarynda, etraplaryň obalarynda boldular. Bu ylmy iş saparynyň dowamynda köp sanly rowaýatlar, nakyllar, atalar sözi, toý we durmuşy däp-dessurlar, edim-gylymlar, yrymlar, halk tebipçiligi, awçylyk, seýisçilik sungaty, milli aýdym-saz sungaty, küştdepdi gazallary, läle, hüwdi, monjugatdy, öleň, toý aýdymlary ýaly görnüşleri barada gymmatly maglumatlar ýygnaldy. Ylmy iş saparynda halkymyzyň hünärmentçiligi, senetçiligi bilen bagly, demir ussaçylygyna, agaç ussaçylygyna, zergärçilige şeýle hem pälwançylyga degişli maglumatlar hem toplanyldy. Halkymyzyň dil baýlygy, şiwe sözleri, olaryň aýratynlyklary hem öwrenildi. Halk mirasynyň dürdäneleri barada gymmatly maglumatlary köp bilýän dilewar, ýatkeş ene-mamalarymyz, ýaşulularymyz, gojalarymyz halk mirasynyň egsilmez çeşmeleri barada joşgunly we guwanç bilen gürrüň berdiler. Olar bilen gürrüňdeş bolmak geçmişe gaýybana syýahar etmekdir. Olar bilen gürrüňdeş bolanymyzda türkmen halkynyň mirasynyň düýpsiz umman ýalydygyna göz ýetirdik.

Döredijilik toparlarynyň biri gadymy Balkan welaýatynyň Bereket, Serdar we Magtymguly etraplarynda bolup, bu ýerleriň baý edebi mirasyna, halk döredijiligine, taryhy ýadygärliklerine degişli gymmatly maglumatlary topladylar. Bu ylmy-medeni iş saparynyň dowamynda köp sanly rowaýatlar, nakyllar, atalar sözleri, toý we durmuşy däp-dessurlar, edim-gylymlar, yrymlar, halk tebipçiligi, awçylyk, seýisçilik sungaty, milli aýdym-saz sungaty, küştdepdi gazallary barada gymmatly maglumatlar ýygnaldy. Biz ylmy saparda bolanymyzda, bagtyýar enelerimiziň aýdyp beren hüwdülerini ýazga geçirdik. Olaryň käbirini bolsa halk köpçüligine ýetirmegi makul bildik.

-Allan-allan allasy,
Daşymyň demir galasy.
Ýüregimiň söýesi,
Başymyň altyn jygasy.

Allan-allan al bendi,
Saçyň derýalar bendi.
Enesi çaý içende,
Balam getirsin gandy.

Balkan welaýaty gazallaryň iň köp ýerine ýetirilýän ýeri hasaplanylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döreýän gazallaryň içinden Watanymyzyň gülläp ösüşleri, Gahryman Arkadagymyzyň bitirýän beýik işleriniň waspy eriş-argaç bolup geçýär.
- Garaşsyzlyk bagtymdyr,
Bitaraplyk tagtymdyr.
Güller açýan Watanym,
Güýjüm hem kuwwatymdyr.
Bal Balkanyň balygy,
Hem tagamly süýjüdir.
Bizi bagta ýetiren,
Arkadagyň güýjüdir.
Halk mirasy halkyň hakydasynda ýaşaýan gymmatlyklar. Olary toplamak, öwrenmek we indiki nesillerimize, geljekki asyrlara ýetirmek mukaddes borjumyz.

Ylmy iş saparynda halkymyzyň hünärmentçiligi, senetçiligi bilen bagly, demir ussaçylygyna, agaç ussaçylygyna, şeýle hem pälwançylygyna degişli maglumatlara hem üns berildi. Dilimiziň gymmatlygy bolan, onuň şireliligini düzýän şiwe sözleri, olaryň aýratynlyklary hem öwerildi. “Geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaz” diýen ýörelgeden ugur alan ata-babalarymyz halkymyzyň baý many-mazmuna eýe bolan halk döredijiligine aýawly çemeleşipdirler. Şu nukdaýnazardan seredeniňde türkmen halky özüniň ýaşuly nesline uly hormat goýýan halklaryň biridir. Pähimli-paýhasly gojalarymyz milli mirasymyz hakda joşgunly gürrüňler edip, bu baýlyklaryň egsilmez çeşmedigini belleýärler.

Oba ýerlerinde parasatly ýaşullarymyz, ak saçly enelerimiz ruhy-medeni gymmatlyklarymyza degişli bolan rowaýatlar, toý däp-dessurlar dogrusynda gürrüň etmek bilen, şahandaz halkymyzyň dessançylyk sungatyna, bagşyçylyk sungatyna goýýan hormatyny hem belleýärler. Ýurdumyz taryhy-medeni ýadygärliklere örän baý ýurtdyr. Biz muňa “Ýeke gowak”, “Bäş gowak”, “Hojagär çeşmesi”, “Bulak baba”, “Düldül - ahyr” ýaly taryhy-medeni ýadygärliklerde bolanymyzda hem göz ýetirdik. Halkymyzyň durmuşyny nakylsyz, paýhasly aýytgylarsyz göz öňüne getirmek gaty kyn. Nakyllar, tymsallar, aýytgylar terbiýeçilik işlerinde hem uly ähiýete eýe bolup durýar. Edep-terbiýe işlerinde ýaşullaryň öwüt-ündewleri bellärlikli ýagdaýdyr. “Toýdan topukça” diýleni. Ýerlerden toplanan käbir nakyllarymyzyň, aýytgylarymyzyň üstünde durup geçsek maksada laýyk bolar: “Akar suwuň balygy,barly öýüň läligi” (lälik bolup önüp-ösen çaga hakda aýdylýar), “Akyl bezegi-dil, dil bezegi-söz,Ynsan bezegi- ýüz! Ýüz bezegi- göz”, “Ýazylan pozulmaz, ýazykly ýuwulmaz”(ýazylan zat pozulmaz, ýazykly adamyň günäsi geçilmez), “Gyş gyzamyk gelmesin, tomus mama keseli”, “Sa: ýman gepleme, säginmän ätleme” (soňuny saýman gepleme, öňüň-yzyň görmän ätleme), “Nirede bolsaň şonda bol, şam bolanda öýde bol”, “Şamda gelen belanyň gitmesi kyn”(bu aýtgynyň başga bir warianty “Şamda gelen belanyň çözgüdi kyn”), “Ylym iki dünýäň bezegi, haly daşyň bezegi”, “Ylym däneläp çöplenýär, goşawuçlap berilýär”, “Sirsepil diýenmiş, ýerdäkiňe men kepil”, “Dokan daşky dünýäsini bezär, okan iki dünýäsini bezär”, “Mekgä gidip gelseňem, öňküje gözüň”, “At aýlygyny gözlär, düýe ýyllygyny, eşek gündeligini”(iým hakynda), “Düýe şor gözlär, ýigit gyz gözlär”, “Atyň atasy gerek, itiň enesi”, “Bidöwlet gep çöplär, döwletli çöp toplar”, “Aýagy bilen giden geler, synasy bilen giden gelmez”(ejesiniň yzyna düşüp giden geler, bäbeklikden giden gelmez), “Iline baha bererler, bazaryna görä”, “Aý ýüzli gyzymdan aý ýüzli gelnim”, “Hatyn alma, hossar al” we beýlekiler.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, islendik rowaýat, aýytgy, däp-dessur ruhy gymmatlygy döreden halkyň ýaşaýyş-durmuşy we asyrlaryň dowamynda alyp baran işleri bilen berk baglanyşyklydyr. Şu jähetden seredenimizde halkymyzyň içinden toplanan söz baýlyklarymyz, rowaýatlarymyz, däp-dessurlarymyz, halk döredijiligimiz ýene-de halka gaýtarylyp berilýär, çünki hormatly Prezidentimiziň parasatly belleýşi ýaly: “Diliň we edebiýatyň hakyky eýesi halkdyr”.

Çelpegiň taýýarlanylyşy

Çelpek bişirmek üçin uly yhlas gerek.Hamyry duzy ýetik ýyly suw bilen edilýär.Ýugrumy ýetik bolanda ol ýag çalnan ýaly ýalpyldap durmaly.Megerem „hamyra ýumruk,gyza çümmik“diýen nakylam şondan dörän bolsa gerek.Ýarym sagat çemesi wagt goýlup demini alanyndan soň hamyr zowalalara bölünýär.Hamyryň deňje zowalalara bölünmegi hökmany hasaplanýar.Gelin-gyzlar çelpegiň hamyryny üzýärkäler:

Üzüm-üzüm üzülsin,
Toý çelpegi ýaýylsyn
Toýlar tutjak agamyň
Ogul-gyzy düzülsin!
-diýip,şahyrana sanawaçlary,aýdymlary aýdýarlar.


Çelpegiň hamyryny üzmek işi tamamlananyndan soň,kendirikdeep-esli urba bilen iki jübüt zowala galdyrylýar.Munuň bolsa şu öýde ýene-de toý bolsun,saçak mydama çörekli bolsun diýen ýakymly yrymy bar.Ene-mamalarymyz bu ýörgünli däbiň şanyna:“Urbalyk goý!Toý bolsun! Gelen gelne taý bolsun!“ diýip şahyrana setirleri döredipdirler.Çelpek taýýarlamakda wagtyň köp böleginiň hamyry ýaýmak işi eýeleýär.Şonuň üçin bu işe köpräk el gerek bolýar.Iş başyna geçen öýdoly gelin-gyzlar wagtyhoşluk bilen çelpek ýaýyp otyrkalar,gezekli-gezegine şeýle setirleri dile getirýärler:

Gije uzak,Aý aýdyň,
Mäşli ýarmadan doýdum.
Toý köýnegni geýeliň,
Üýşüp çelpek ýaýalyň!
Tabagyň içi ýalpak,
Içi doly ak çelpek,
Elim ýaga bulansyn,
Çelpek ýaga dolansyn.


Çelpegi her kim taýýarlap bilmeýär.Ol uly yhlasy talap edýär.Her obada belli-belli ökde çelpek taýýarlaýjylar bolýar.Iş kyn bolansoň, näçe ökde bolsalar-da çelpekçi daýzalaryň elleriniň howra,gyzgyna bişýän wagtlaryna-da duşulýar.Şonda şeýle setirler döräpdir.

Bir guýmakdan çelpek bişdi,
Eý-waý, meniň elim bişdi.
Muny töweregindäkiler hem alyp göterýärler.
Oýmak beriň eline,
Çelpek gitsin geline,
Galkan beriň döşüne,
Ýaglyk atyň başyna