HALK MIRASY- HALKYŇ MILLI BAÝLYGY


HALK MIRASY- HALKYŇ MILLI BAÝLYGY



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary esasynda gül Diýarymyz Türkmenistan dünýäniň iň bir ösen döwletleriniň hatarynda barýar. Ýurdumyzyň her bir pursaty guwandyryjy we buýsandyryjy wakalara beslenýär. Şeýle ajaýyp zamanada Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ösüşdir özgerişlerini, halkymyzyň dünýäni haýrana goýýan milli gymmatlyklaryny, ruhy mirasyny wagyz etmek, dünýä ýaýmak biziň her birimiziň jana-jan borjumyzdyr.

“Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylymyzda türkmen halkynyň maddy däl medeni mirasyny, ruhy gymmatlyklaryny öwrenmegiň, olar baradaky halk hakydasynda saklanyp galan maglumatlary toplamagyň we wagyz etmegiň çäginde Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 17-nji ýanwarynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky Mejlisinde halkymyzyň baý taryhyny we özboluşly medeniýetini, milli-ruhy gymmatlyklaryny öwrenmegiň zerurdygy, halkyň gymmatly hazynasy hasaplanylýan milli mirasymyzy öwrenip, halkdan toplanan maglumatlary çap etmäge taýýarlamak barada beren tabşyrygyny ýerine ýetirmek maksady bilen alymlardan, medeniýet-sungat we bilim işgärlerinden ybarat bolan ylmy-döredijilik toparlary ylmy ekspedisiýanyň ikinji tapgyry boýunça ýerlerde bolup, halk mirasynyň ajaýyp nusgalary baradaky gymmatly maglumatlary topladylar.