«TÜRKMENISTAN UMUMADAMZAT ÄHMIÝETLI GYMMATLYKLARYŇ MEKANY» ATLY DABARALY MASLAHAT


«TÜRKMENISTAN UMUMADAMZAT ÄHMIÝETLI GYMMATLYKLARYŇ MEKANY» ATLY DABARALY MASLAHAT



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiz bilen dünýäniň abraýly halkara guramalarynyň arasynda ygtybarly hyzmatdaşlyk netijeli häsiýetde ösdürilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen halkara hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda aýratyn orny eýeleýär.

Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň doly ygtyýarly agzasy bolmak bilen, BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasy bilen medeni ýadygärlikleri, milli gymmatlyklary aýawly saklamak boýunça giň möçberli işleri alyp barýar. ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäginde birnäçe gymmatlyklarymyz ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi.

Türkmenistan umumadamzat gymmatlyklarynyň mekanydyr. Häzirki wagtda ol gymmatlyklary gorap saklamak, wagyz etmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.

Şu gün Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň bilelikde guramagynda Mary welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalyga kabul edilmeginiň 30 ýyllygy hem-de ÝUNESKO tarapyndan Maddy däl medeni mirasy goramak hakyndaky Konwensiýanyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan umumadamzat ähmiýetli gymmatlyklaryň mekany» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler türkmen halkynyň umumadamzat gymmatlyklary, olaryň dünýä medeniýetinde tutýan ornuny ebedileşdirmekde alnyp barylýan tutumly işler barada buýsanç bilen gürrüň berdiler. Maslahatyň çäginde ussalaryň we senetkärleriň senetçilik önümleriniň, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi giňden guraldy.

Maslahata gatnaşanlar we senetkär ussalar halkymyzyň medeni gymmatlyklaryny öwrenmekde, ösdürmekde halk köpçüligine giňden wagyz etmekde döredip beren giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.