“MILLI ÇAGA OÝUNLARYNYŇ NESIL TERBIÝESINDÄKI ÄHMIÝETI” atly dabaraly çäre
Döwletli Diýarymyz bagtyýarlygyň, bagtly nesilleriň ýurdy hasaplanylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalar hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda iň kämil tehniki serişdeler bilen üpjün edilen çagalar baglarynyň, umumy bilim berýän we ýöriteleşdirilen mekdepleriň, ýokary okuw mekdepleriniň ençemesiniň gurulmagy we öňden hereket edýänleriniň bolsa döwrebaplaşdyrylmagy nesiller dogrusyndaky çäksiz aladalardan nyşandyr.
Halkymyz terbiýe meselesine, aýratyn hem çaga terbiýesine uly ähmiýet berýän halk. “Bal süýji baldan bala süýji”, ‘Çagaly öý bazar” ýaly aýtgylary, nakyllary döreden halkymyz “Çaga eziz edebi ondanam eziz” diýen nakyly hem döredipdir we çaganyň edep-terbiýeli bolmagynyň aladasyny edipdir.
Halk tarapyndan çaga durmuşynda örän möhüm orun tutýan milli oýunlaryň ençemesi döredilipdir. Olaryň hemmesi-de terbiýeçilik ähmiýetlidir. Çagalar hut şu oýunlaryň üsti bilen geljekde adamlar bilen gatnaşyk etmegiň iň gowy ýörelgelerini öwrenýärler. Şeýle ata-babalarymyzdan nesillerimize miras galan ol oýunlary öwrenmek, ösdürmek we olaryň çaga terbiýesindäki ähmiýetini giňden wagyz etmek derwaýys meseleleriň biridir. Şol maksatdan ugur alyp, 9-njy sentýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparynyň sekretariaty tarapyndan “Milli çaga oýunlarynyň nesil terbiýesindäki ähmiýeti” atly dabaraly çäre geçirildi. Bu dabaraly çärede milli çaga oýunlary, olaryň çaga terbiýesindäki ähmiýeti, çagalaryň çykyşlary giňden ýaýbaňlandyryldy.
Dabaranyň çäginde milli çaga lybaslary, milli gurjaklar we milli el işlerine bagyşlanan sergi guraldy.
Dabarada çykyş edenler halkyň döreden her bir gymmatlyklarynyň dünýä derejesinde ýaýylmagynyň başynda duran, ýurdumyzy bagtly çagalygyň ýurduna öwüren Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlar aýtdylar.