BIZI ÝAT EÝLESIN DEŇ-DUŞLARYMYZ, ILIM-MENIŇ
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda mähriban watanymyzda milletiň döredijilik özboluşlylygyny, möhüm aragatnaşyk ukybyny, dostlugyň, üstünlikleriň, ösüşleriň gözbaşy hökmünde paýhas taglymatlarynyň we durmuşy dessurlaryň berjaý edilişini kesgitleýji mady-ruhy medeni baýlyklaryň hem-de halkyň jemgyýetçilik gymmatlyklarynyň özeni bolup durýan gadymy edebi dilimizde döredilen ajaýyp taryhy, edebi ýadygärlikleri, sözleýişiň agzeki we ýazuw görnüşlerini köptaraplaýyn öwrenmekde, ösdürmekde, erkin ulanmakda, goramakda hem-de döwlet syýasatynyň hukuk esaslarynyň kepilliklerini yzygiderli kämilleşdirmekde uly işler durmuşa geçirilýär.
Edebi diliň leksikigrafiýa bölüminiň uly, ähmiýetli, meşhur we gadymy ugry adam atlaryny öwrenýän pudak-has atlaryň dakylyşyny, taryhyny, häsiýetlerini, manylaryny, ýaýraýşyny, ýazylyşyny öwrenýän ylmyň aýratyn düzümi onomastika hasap edilýär. Adam atlary sözlerden emele gelýärler. Biz sözleýişiň dürli görnüşlerinde aýry-aýry düşünjeleri, birlikleri aňlatmak üçin günde ýazuw we gepleşik arkaly ýüzlerçe sözlerden, atlaşan adalgalardan, durnukly, sagdyn, özüneçekiji tymsallardan işjeň peýdalanýarys. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiligi tebigatda bar bolan, ýasalyşy dürli görnüşli, predmetleşen düşünjeler, geografik orunlar, garyndaşlygy, tahalluslary, halklary, haýwanlary, ösümlikleri, älem giňişlikleri aňladýan, milli etnografik, folklor, mifiki, mistiki gahrymanlar, keramatly şahsyýetler, danalar, deňiz, derýa, dag, jülge atlary bilen bagly bolan, özbaşdak many aňladýan, gysgaldylan, goşma, tirkeş, sada, gaýtalanýan, gezegen düzümli, taryhy, oguz, umumtürki, arap-pars we edebi dilimiziň söýündiriji söz gorunyň baý gatlagyny özünde jemleýär.
Adam atlarynda her bir maşgalanyň durmuş edebiniň, jemgyýetçilik islegleriniň, akyl başarnyklarynyň taryhy rowaçlyklary, ylhamly dünýäleri, hojalygyň hoşnut jadylyklary, ynançlary we ýaşaýyş medeniýetiniň ahlak gymmatlyklary, pikir mukaddeslikleri orun alýar. Türkmen edebiýatynyň görnükli alymlary B.Garryýew, M.Kösäýew, Z.Muhammedowanyň, Ş.Gandymowyň, D.Nuralyýew, B.Kerbabaýew, A.Orazow, M.Öwezgeldiýew, A.Aşyrow. ýaly tanymal ylmy-döredijilik işgärleri dürli ýyllarda dürli dillerde çeper söz senediniň zergäri Magtymguly Pyragynyň maşgala dowamatyny, nebere urugyny, şejere akabasyny düýpli öwrenmekde uly hyzmatlary bitirdiler. Taryhda döredijilik ussatlygyň ajaýyp pikir açyşlary, joşgunly gözýetimleri, hyjuwly ynançlary, jemgyýetçilik abadançylygynyň netijeli, täzeçil pähimleri bilen öçmejek yz galdyran meşhur dana şahyr Magtymgulynyň maşgala düzümini emele getirýän, nesil daragtynyň tylla köklerinde, altyn halkasynda, sahawat binýadynda orun alan adam atlary köplerde bilesigelijilik, gyzyklanma, hyjuwly duýgulary, watançylyk ylhamy, terbiýeleýjilik, ruhlandyryjylyk, döwrebaplyk ukyplary döredýär. Söz sungatynyň nakgaşy Magtymguly Pyragynyň 30-a golaý eserlerinde özüniň maşgala agzalarynyň atlary, olaryň taryhy, edebi, durmuş ykballary, hünär ussatlyklary, çeper keşpleri barada gymmatly maglumatlar hormat bilen agzalýar.
Döwletmämmet Azady-Magtymguly Pyragynyň kakasy we ilkinji mugallymy. Ol 1695-1760-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçipdir. Bu meşhur aryfdan «Wagzy-azat», «Behiştnama», «Hekaýaty-Jabyr ensar», «Rubagyýat ez ruýy zary we doga» diýen eserleri biziň günlerimize gelip ýetipdir. Döwletmämmet Azady sözüniň manysy «ebedi rahatlyk, asudalyk, parahatlyk islemek, baýlyk getiren şöhratly perzent» diýmekligi aňladýar. Köplere halypa bolan dananyň kononiki şekili-nakgaşçylyk suraty ilkinji gezek Aýhan Hajyýew tarapyndan çekildi. Alymyň adynyň sözköki gurluşy türkmen, pars, arap leksikasynyň galyplaryndan kemala gelipdir.
Orazgül-Döwletmämmet Azadynyň aýaly, Magtymgulynyň ejesi, halk döredijiliginiň ussady. Bu goşma adyň manysy «oraza aýynda dogulan görmegeý, gelşikli, gözel gyzlara gönezlik bolan çaga» diýmekligi bildirýär. Sözüň kökünde oguz-arap leksik sözlerinden hasyl bolan birlikler jemlenýär
Abdylla-Döwletmämmet Azadynyň ilkinji ogly, Magtymguly Pyragynyň agasy. Golýazma çeşmelerinde, halk rowaýatlarynda Abdyllanyň dört müçe ýaşyna ýetmänkä aradan çykandygy bellenilýär. Mukaddes sözüň ylmy beýany «Hakyň didaryna hemdem bolan, Ýaradan tarapyndan ezizlenen» diýmekligi aňladýar. Sözüň gözbaşy arap diline degişlidir.
Muhammetsapa-Döwletmämmet Azadynyň ikinji ogly, Magtymgulynyň agasy. Bu goşma ismiň manysy «şöhratlandyrmaga we söýülmäge derkar» diýmekligi aňladýan many gatlaklar bilen utgaşýar.
Magtymguly Pyragy-Döwletmämmet Azadynyň üçünji ogly, dünýä edebiýatynyň parlak ýyldyzy, taryhy, ylmy we medeni rowaçlyklara uly goşant goşan mertebeli akyldar, poeziýanyň ählumumy basgançaklaryna täze çeperçilik çözgütleri we hakykaty getiren pähimli aryf. Bu sözüň many komponentleriniň umumylyklarynda «äpet», «köpleri tabyn eden» we «gözellik islemek» ýaly leksik birlikler jemlenýär.
Seýit-Döwletmämmet Azadynyň dördünji ogly. Bu adam ady «ähli zürýatlaryň jenaby», nesilleriň baştutany, mübäreklenen perzent diýmekligi aňladýar. Bu sözüň ýüze çykyş ugry semit dilleri bilen baglanyşyklydyr.
Kaharguly-Döwletmämmet Azadynyň bäşinji ogly. Bu goşma adam adynyň komponentlerinde «maşgala kömekçi bolan, ile hyzmatkär bolan uzak ýaşasyn, ösüşleri göwherden beslensin!» diýen many gatlaklar jemlenýär. Häzirki wagtda Ata işanyň, Gara işanyň neberesiniň gözbaşy Kahargulydan alyp gaýdaýar.
Gaýrymguly-Döwletmämmet Azadynyň altynjy ogly. Bu goşma söz «batyrlaryň, hakanlaryň, emirleriň nazary düşen owadan, sak ogul» diýmekligi aňladýar.
Gulja-Döwletmämmet Azadynyň ýedinji ogly. Bu sada adam adynyň manysy «edermen, çydamly, söýgetlen, gymmaty ýörgünli, ismi köşklere hemdem bolup saýlanan» diýen leksik bitewiliklere ýakyndyr.
Zübeýda-Döwletmämmet Azadynyň ilkinji gyz perzendi. Bu adam ady «gözelligiň gaýmagy, jemaly ebedi, nurlaryň aşyk bolan» diýmekligi aňladýar
Hurma-Döwletmämmet Azadynyň ikinji gyz perzendi. Beýik şahyr Gurbandurdy Zeliliniň ejesi. Bu adyň many gatlaklary «görmeýligini, ýakymlylygyny Güneşiň halan, ýyllaryň tagzym edeni, zülpleri, gamzasy bark urýan» diýen leksik galyplary öz içine alýar.
Ýary-Döwletmämmet Azadynyň başdaş aýaly Orazgül aradan çykandan soňra gazak aýalyndan bolan perzendi. Bu sada sözüň manysynda «ömri düşbi saýýat, hüşgär nökerler ýaly mürewetli, merhemetli, ýaraşykly, aman bolsun!» diýen aňlatmalar jemlenýär.
Çaky-Döwletmämmet Azadynyň gazak aýalyndan bolan ikinji perzendi. Bu söz «gujur, täzeçil başarnyklara eýe bolan, ykbalyna jomartlyk sahawatlary ýazylan» diýen manylar bilen ugurdaşdyr. Döwletmämmet Azadynyň Çerre (sözüň manysy «maşgalada çaga köp bolsun» diýmek), Janesen (sözüň manysy «saglygy emgekli bolmasyn» diýmek), Magtymgulynyň aşyk bolan gyzy Meňliniň (sözüň manysy «bagtlylygyň aňrybaş nusgalaryny özünde jemleýän» diýmek), Magtymguly Pyragynyň Meňli bilen şowsuz, keç ykbalyndan soňra öýlenen gelni Akgyzyň (sözüň manysy «maşgalanyň ilkinji, uly we päkize juwany» diýmek), Magtymguly Pyragynyň ilkinji ogly Ybraýymyň (sözüň manysy «ähli kowumlaryň ýarany» diýmek), Magtymgulynyň ikinji ogly Sary (Mollabäbek) (sözüň manysy «hemmeleriň toýly we taýly mähribanlygyny gazanan» diýmek) diýen perzentleriniň hem bolandygy ylmy edebiýatlarda, monografiýalarda görkezilýär.
Şähriýarlar derejesinde atlary halklar tarapyndan söýülýän, isimleri älem içre dessan bolup arzylanýan, döwletli maşgalada kemala gelen, şirin sözleri kalplary söýgetleýän, milletiň mertebesini arşa galdyran Magtymguly Pyragynyň «Nazar eýle», «Dalym meniň», «Ýeter sen», «Unudar ol ýoluny», «Çowdur han» atly şygyrlarynda buýsanç belleýän «Bu dünýäde her kim geçer bir atdan» «Ýigit bolsaň gezgil ýagşy at bilen», «Söz-jahanda bir at bolar», «Söýle, sözüň ýaýylsyn bu ýagşy-ýaman içre», «Ýalançyda ýegdir galsa ýagşy at», «Arkadagym, eziz, syrdaş, gardaşym», «Dogada ýat kylana, Eýäm bolsun medetkär», «Gardaşlar, ýat ediň, dogada belli!», «Her mejlisde, söhbetde, şat eýläň biz garyby, Eý ýaranlar, ýat ediň, haýr-u dogada bizni!» we «Bizi ýat eýlesin deň-duşlarymyz, ilim-meniň», «Magtymguly, adyň seniň külli äleme dolup», «Ýagşyny älem arzuwlar», «Pyragy, ýagşy at galsyn» diýen şahyrana arzuwlary bu günki gün bagtly döwrümizde hasyl boldy.