Türkmenistanyň halk bagşysy Aşyrmämmet Dawudow (1930-2011)


Türkmenistanyň halk bagşysy Aşyrmämmet Dawudow (1930-2011)



Aşyrmämmet Dawudow 1930-njy ýylda Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda dogulýar. ХХ asyryň 40-njy ýyllarynyň başlarynda Bereket etrabynyň merkezinde, Balkan sebitlerinde adygan bagşy Soltan Atanepesowyň ýolbaşçylygynda aýdym-saz topary bolupdyr. Ol topara zehinli ýaşlaryň ençemesi gatnaşyp, aýdym-sazyň inçe syrlaryny öwrenipdir. Aşyrmämmet hem Soltan Akganyň sakasynda duran dury suwly çeşmesinden ine-gana içenleriň biridir. “Ýaňy 10-12 ýaşlarymda uly halypanyň huzuryna baryp, onuň öwüt-ündewlerini, aýdym-saz, öten-geçen halypalar hakdaky gyzykly gürrüňlerini diňlemek meniň üçin örän täsindi. Onuň özüm ýaly oglanlaryň birnäçesini töweregine üýşürip: “Dutary şeýle tutmalydyr, ine sag el bilen kakuw şeýle edilýändir, sol eliň barmaklary bolsa perde tutýandyr” diýip, jany-teni bilen bize öwredişi häli-häzirem gözümiň öňünde. Meniň, ýeke meniň hem däl, ýene-de ençeme bagşylaryň aýdym-saza maýyl bolup, inçe senediň kötelli ýollaryndan geçip, ussatlyga ýetişmegimizde Soltan Akganyň hyzmaty çäksizdir” diýip, Aşyrmämmet aga ilkinji we esasy halypasyny hormat bilen ýatlardy.

A.Dawudowyň aýdan aýdymlary Türkmen radiosynda ilkinji gezek 1952-nji ýylda ýaňlanýar. Şonda “Boý bibi” hem-de “Göwnüm seni” diýen ýaly aýdymlaryny ýazdyrypdy. Soňra Pürli Saryýew, Sahy Jepbarow, Çary Gurbanow, Çary Täçmämmedow, Tugur Berdinyýazow ýaly halypalaryň goldaw-ýardam bermegi netijesinde “Akjagül”, “Ogulbeg”, “Akmeňli”, “Jerenim”, “Tapylar” ýaly ýene-de birnäçe özboluşly aýdymlary ýazga berip, ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygyny äşgär edýär. Milli bagşyçylyk sungatymyzyň Balkan şahasynyň ýaýrap berkemegine uly goşant goşýar.

Aşyrmämmet Dawudow ilki “Türkmenistanyň at gazanan artisti”, soňra bolsa “Türkmenistanyň halk bagşysy” diýen hormatly atlara mynasyp bolýar.

2011-nji ýylyň baharynda aradan çykan Aşyrmämmet halypa asylly, inçe senedini ýaşlara ýadawsyz öwretdi. Ol diňe bir öz ogul-gyzlary Baýrammämediň, Orazdöwletdir Aýtäjiň däl, eýsem bereketli onlarça ýaş aýdymçylaryň, bagşy-sazandalaryň esasy halypalarynyň biri bolupdyr.