Gamyş çykamak


Gamyş çykamak



Gamyş çykamaklyk eli çeper ene-mamalarymyzdan geçip gelen hünär. Ol çeýeligi talap edýär. Çykalan gamyş täze jaý gurlanda onuň üstüni basyrmak üçin, keçe basylanda, ak öýüň daşyna aýlamak üçin, häzirki döwürde äpişgeleriň daşyna tutmak üçin ulanylýar.
Gamyş çykamak üçin ilki bilen ýaplaryň boýunda ösen gamyşlary ýygmaly. Ol güýz paslynda gowy ýetişensoň ýygylýar. Ondan soň olary getirip, ýeke-ýeke gabygyny aýryp arassalamaly. Gamyşlaryň gabygyny sypyrmak işini seresap bolup ýerine ýetirmeli. Halk arasynda: «Gamşy gowşak tutsaň, eliňi gyýar» diýen aýtgy hem bar. Gamşyň daş gabyklary hem täze öýüň üsti basyrylanda ulanylýar. Gamyş çykamak üçin gerek bolan ýüpler geçi çöpründen işilip ýasalsa, has berk bolýar. Onsoň iki tarapda arasy haçjaly agaç dikmeli. Olaryň arasyndan keseligine berk agaç geçirmeli. Ondan soň ýüplerimize agyrlyk daşlaryny berkidip, dakyp çykmaly. Ýüpümizi kültem-kültem açyp, kerpiçlere saramaly. Kerpiçler agyr bolsa gamyşlar syk bolýar. Agyrlyk üçin daş ulansaň hem bolýar. Gamşy nähiliräk möçberde çykajak bolsaň, şoňa görä agyrlyk daşy asylýar. Agyrlyk daşlarynyň biri iç tarapda, beýlekisi daş tarapda, olary dokan mahalyň ýerini çalşyp durmaly. Gamşyň ýüplerinden nagyş hem çekip bolýar. Gamyş arassa bolansoň köp ýerde ulanylýar. Kakdyr, kişdeleri sermek üçin hem gamyş ýazylýar. Suwly bedreleriň üstüne gapak hökmünde tutsaň hem suw arassa durýar. Dokalan gamyşlardan haýadam ýasap bolýar.
Türkmen ak öýüne niýetlenen gamşyň arasyna ýylgyn çybyklaryny goşsaň, berk bolýar. Gelin-gyzlar keçe basýar. Oňa hem keçe gamşy gerek bolýar. Keçe gamşynyň ýüpleriniň ýygylygy bir sereden durmaly, üstünde keçäni gülleýärler, çekýäler. Keçe çekiljek gamyş has berk bolmaly.
Äpişgeler üçün kiçiräk has inçe gamyşlardan dokalýar. Maýdajyk gamyşlardan dokalansoň ol nepis bolýar. Ony äpişgelere daksaň, tomsuna jaýyň içi salkyn bolýar hem-de tozany saklaýar.