Türkmen Milli Halyçylyk Sungaty
Halkymyzyň döreden we sünnäläp biziň günlerimize ýetiren gadymy we naýbaşy gymmatlyklarynyň biri hem türkmen halysydyr. Türkmen halysy diňe bir senetçilik önümi bolman, eýsem, ol nepis sungatdyr. Gözelligi babatda deňsiz-taýsyz hasaplanýan, umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasynda mynasyp orun tutýan halylarymyz türkmeniň dünýä beren naýbaşy gymmatlygydyr. Halyçylyk sungaty – inçe, nepis sungat bolmak bilen ol ene-mamalarymyzyň haly dokamakdaky baý tejribesini özünde jemleýär. Türkmen halysy halkymyzyň çeperçilik ukybynyň kämil önümidir.
2019-njy ýyl türkmen halkynyň maddy däl medeni mirasyny öwrenmegiň çäginde hem iň bir rowaç ýyllaryň biri boldy. Bu ýyl halkymyzyň serweri “Türkmen milli halyçylyk sungaty” ÝUNESKO-nyň “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna” girizildi. Bu ýatdan çykmajak ajaýyp waka mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dabaraly çäreler yzygiderli geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi tarapyndan 2020-nji ýylyň 22-nji dekabrynda geçirilen “Halyçylyk sungaty türkmeniň umumadamzat ähmiýetli milli gymmatlygy” atly ylmy-amaly maslahat hem türkmen halyçylyk sungatyna bagyşlanyldy.