Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde Aziýa komitetiniň “Dessançylyk sungaty” atly nobatdaky 15-nji ýygnagy geçirildi


Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde Aziýa komitetiniň “Dessançylyk sungaty” atly nobatdaky 15-nji ýygnagy geçirildi



2023-nji ýylyň 11-12-nji iýulynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde Aziýa komitetiniň “Dessançylyk sungaty” atly nobatdaky 15-nji ýygnagy geçirildi. Onuň agzalary: Azerbaýjan, Gyrgyzystan, Gazagystan, Mongoliýa, Koreýa, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan.

11-12-nji iýulda meýilnama laýyklykda, Aziýa komitetiniň Döwlet-agzalary bolup Astananyň kitaphanasynyň mejlisler zalynda duşuşyk geçirildi.

Meýilnamada laýyklykda agza döwletler Aziýa komiteti bilen bilelikde geçirilen işleri barada hasabat berdiler we teklipleri hödürlediler.

Aziýa komitetiniň “Dessançylyk sungaty” atly nobatdaky mejlisinde täze iki döwlet agza hökmünde kabul edildi. Olar Azerbaýjan we Mongoliýa döwletleri. Şeýle hem nobat boýunça agza hökmünde kabul edilen täze döwletlerde gelýän 2024-nji we 2025-nji ýyllarda 16-njy we 17-nji ýygnaklary geçirmegi teklip etdiler.

Şeýle hem Türkmenistan tarapyndan çagalar üçin ýazylan “Türkmen halysy” atly kitabyň koreý dilinde tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Geljekde bu kitabyň sanyny köpeltmek we daşary ýurtlara ýaýratmak çärelerini geçirmek barada teklip etdiler.