Alaja ýüp sungaty


Alaja ýüp sungaty



Zenanlarymyz el hünäriniň aýratyn görnüşleri alaja örmek, jähek çalmak, aldymgaç kakmak başarjaňlygy bilen hem tanalýarlar. Dürli reňkli ýüpek sapaklardan taýýarlanýan jähekdir aldymgaç ýüpleri bilen milli lybaslarymyzyň gyrasyny bezäpdirler, işilen alajalary dürlüçe oturdypdyrlar. Alajalar egin-eşigi geýen adamy gözden-dilden goraýar diýip yrym edilse, jähekdir aldymgaçlar lybaslara berklik, pugtalyk üçin tutulypdyr.
Alajalary diňe bir egin-eşiklere berkitmek bilen çäklenmändirler. Alajalaryň nämährem nazarlardan goraýandygyna ynanan enelerimiz olary bala-çagalarynyň boýnuna, goşaryna dakypdyrlar, sallançakbag, gundagbag üçin alaja örüpdirler. Öýüniň gapysyna, hojalykda ulanýan zähmet gurallaryna, sygyr, düýe ýaly öý mallaryna, türkmeniň uçar ganaty bolan bedew atyna hem alaja dakmak halkymyzyň asylly däbidir.
Elbetde, parasatly ene-mamalarymyz el hünäriniň her bir ülşüni döredenlerinde ýiti zehine, ylham joşgunyna esaslanypdyrlar. Alajalary adatça, ak we gara sapaklardan işipdirler. Bu bolsa gije bilen gündiziň sazlaşygynyň aýdyň beýanydyr. Alaja ýüpi işmek üçin ilki bilen, ak we gara sapagy 3-4 gezek gatlamaly. Olaryň birmeňzeş reňkli her gatyna ary-aýrylykda tow bermeli. Şondan soň tow berlen ak we gara sapaklary birleşdirip saklap, öňki berlen towuň garşysyna tarap işmeli. Sapaga tow berilýän wagty ony çekibräk saklasaň alaja endigan düşýär. Towy gowy ýetirilen ýüpüň berk hem owadan bolýandygy barada könelerimiz halk arasynda “Sapagy tow saklar” diýen aýtgyny-da galdyrypdyrlar. Towy gowy ýeten ak we gara sapaklar özara birleşip, enaýy alajalar emele gelýär. Alajalary inçe we ýogyn işmek bolsa onuň nämä niýetlenilýändigine bagly bolýar. Alajalar diňe bir işilip bejerilmän, eýsem olary dokap, örüp, kakma usulynda hem dürli görnüşlerini taýýarlaýarlar. Türkmen senetçilik sungatynda möhüm orun alan alaja sungaty milli mirasymyzyň öçmejek gymmatlygydyr.

Gülnar Joraýewa