Çetrek
Çetrek taýýarlamak üçin mekgäni söküp, boş gazanyň içine atýarlar. Gazanyň aşagyna ot ýakýarlar. Mekgeler çetiräp başlaýar. Çalaja ýaryklar emele gelýär. Çetrek taýýar bolýar. Ol galpak toýda, diş toýda patrak bilen garylyp, çaganyň üstünden seçilýär. Ýaş çagalar muny hezil edip çöpleýärler. Çagalar çetrekdir patragy gowy görýärler.
Patrak
Arassa, ürgün çägäni alyp, elekde eleýärler. Gazanyň aşagyna ot ýakyp, ýaňky çägäni gazana guýmaly. Sökülen mekgeleri gyzan çägeli gazana atmaly. Gowy gyzandan soň mekgeler patrap başlaýar. Ony ujuna letde oralan taýak bilen bulap durmaly. Gowy agaryp patransoň gazany düşürmeli. Ýene elek bilen eläp, akja patraklary bir gaba guýmaly. Patrak diş toýda çaganyň üstüne seçilýär.