Magtymguly bu gün dillerimiziň senasy


Magtymguly bu gün dillerimiziň senasy



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýurt baştutanlygyna geçen ilkinji gününden başlap, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk ýolundan ýöräp, türkmeniň milli ýol-ýörelgelerine uly üns bermegi bizi diýseň buýsandyrýar. Magtymgulynyň döredijiligi türkmen edebiýatynyň ösüşine baýlyk çeşmesidir. ÝUNESKO-nyň “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna” girizilen we umumadamzat gymmatlyklary hökmünde garalýan milli baýlyklarymyz biziň göwün guwanjymyzdyr. Magtymgulynyň döredijiliginde her bir milliliklerimiz barada söz açylýar. Bizem bu gün milli gymmatlyklarymyzyň birnäçesi hakynda ýazylan Şahyryň syrly setirlerine ser salalyň. “Görüň”goşgusynda:

Çoç ýigidiň at ýaragy şaý bolsa, diýip olaryň türkmen bedewlerine dakylýan şaý-seplerden söz açsa, “Türkmeniň”goşgusynda bedew aty bilen edermenlikde, çaparmanlykda dünýä belli bolan Göroglyny ýatlaýar:

Ol merdiň ogludyr,mertdir pederi,

Görogly gardaşy, serhoşdyr seri,

Dagda-düzde kowsa saýýatlar, diri

Alabilmez, ýolbars ogly Türkmeniň, diýse ýene bir setirinde,

Görogly dek dagdan-daga ugrasam, diýip onuň merdi-merdana bolandygyny öwran-öwran nygtaýar. Göroglyny dutarsyz-sazsyz göz öňüne getirmezlik mümkin däl.

Bu barada Magtymguly şeýle diýýär:

Tanbur alyp beýik nagra çaldyrsam,

“Sarp eýleýir aşyny” şygrynda:

Bir niçeler gezer zerbap don bilen,

Bir niçeler gezer gury san bilen,

Adamzady tanyp bolmaz syn bilen,

Synaşmagan bilmez kişi-kişini. – bu şygrynda-da biziň milli egin-eşiklerimiz dogrusynda durup geçýär. Onuň Türkmeniň goşgusyndaky: Al-ýaşyl bürenip çykar perisi diýmegi ýa bolmasa: Kim tirme şaly gözlär ýa-da Kim parça haly gözlär

Nowruz baýramçylygy toýlaryň gelşigi bolan milliligimiziň buýsanjyny döredijiliginde giňişleýin wasp edýär.

“Nowruzdan seni” şygrynda:

Bolmady bizge nesibiň, istedim güýzden seni,

Diýdiň:”Ötsün gyş, tapar men täze Nowruzdan seni”

Saýladym, seçdim, sonam, bir bölejik gyzdan seni,

Neçün biliňni guçmadym men tapyp düzden seni,

Isterem Hakdan, gowuşdyrgaý maňa tizden seni.

“Jahan peýda” goşgusynda:

Gelse nowruz äleme, reň kylar jahan peýda,

Ebirler awaz urup, dag kylar duman peýda,

Bijanlar jana girip, ederler dahan peýda,

Görmedigiň giýäler, gögerip rowan peýda,

Ederler haýwanatga hem sudy-zyýan peýda,

Ýer ýüzüne ýaýylyp, ýörirler nahan peýda,

Wabesde dahanguşlar kylarlar zyban peýda.

Bu biziň halkymyzyň milli buýsanjy bolup nesillerimize nusgalyk ýol ýörelgedir. Halkymyzyň milli mirasynyň her birini alanyňda-da bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygy bizi diýseň buýsandyrýar.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi.