HALK HAKYDASYNYŇ ÖÇMEJEK ŞAMÇYRAGY


HALK HAKYDASYNYŇ ÖÇMEJEK ŞAMÇYRAGY

Türkmen milli aýdym-saz sungatyna öz ussatlygy bilen täze öwüşgünleri çaýmagy başaran halypalaryň biri hem Türkmenistanyň at gazanan bagşysy, Gurt Ýakubowdyr. Ol halk arasynda dessançy bagşy hökmünde hem uly meşhurlyga eýedir.

«Öň akan ýerinden akarmyş aryk» diýlişi ýaly bagşyçylyk Gurt Ýakubyň neberesinde öňden dowamat dowama öwrülen kesp kär. Çünki, Ýakubyň doganlary Sary, Gara, Horda dagy hem dutar çalyp aýdyma hiňlenen adamlar bolupdyr. Ýakup aganyň tüýdükde çalan sazlaryny diňläp ulalan Gurt milli aýdym we saz dünýäsine aralaşyp, ýuwaş-ýuwaşdan dutar çalmagyň inçe tilsimlerini ele alypdyr. Gurt Ýakup Rozy bagşydan, Ýazguly bagşydan dessançylyk sungatynyň tärlerini, Öwezdurdy Welmämmetden bolsa sazyň inçe tilsimlerini öwrenipdir.

Gurt Ýakup ussat halypa hökmünde türkmen halkynyň aýdym-saz sungatynda hiç haçan öçmejek yz galdyran bagşy. Bagşynyň ýerine ýetiren «Hatamtaý», «Gülpam» dessanlary hem-de «Serwi agajy», «Bir zaman goýgun», «Tabşyrdym», «Degilem» ýaly aýdymlary häzirem, mundan beýlägem halkyň söýüp, lezzet alyp diňlejek aýdymlarydyr. «Ýagşy adam ýatdan çykmaz» diýlişi ýaly adamkärçiligiň beýik nusgasy bolup ýaşan, halkyň göwün küýsegine öwrülen aýdymlary bilen hakydalarda baky ýaşaýan Gurt Ýakubow ýatlanmaga, hormatlanmaga mynasyp bagşy. Golaýda bu ussat halypany hatyralap, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda, bagşynyň öz dogduk obasynda guralan aýdym-sazly duşuşyk dabarasy hem onuň ömri-döredijiligine bagyşlandy.



MADDY DÄL MEDENI MIRAS MÜDIRLIGI