MAGTYMGULY UMUMADAMZAT ŞAHYRY
Türkmen halkynyň edebi hem medeni ösüşini akyldar şahyrymyz Magtymgulysyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Halky agzybirlige, jebislige hem-de ruhubirlige çagyrmakda, bagtyýar geljege ruhlandyrmakda bu beýik söz ussadynyň bitiren hyzmatlary çäksiz hormata mynasypdyr.
Halkymyz söze-sungata sarpa goýýan, taryhy şahsyýetlerini mynasyp derejede gadyrlaýan halk. Şeýle şahsyýetlerimiziň biri hem dana we akyldar şahrymyz Magtymguly Pyragydyr. Gahryman Arkadagymyz: «Ajaýyp şygyrlar bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir» diýip, örän jaýdar belleýär.
Döredijiligi umumadamzat hazynasynyň düri hasaplanylýan Magtymguly diňe bir türkmen halkynyň arasynda däl, eýsem, bütin dünýäde meşhurdyr.
2023-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» atly maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi şahyryň döredijiliginiň umumadamzat ähmiýetiniň ykrarnamasy boldy. ÝUNESKO-nyň baş maslahatynyň Pariž şäherinde geçirilen mejlisiniň dowamynda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny 2024–2025-nji ýyllarda ÝUNESKO-nyň gatnaşmagynda bellenip geçiljek dabaraly çäreleriň sanawyna goşmak baradaky kararyň kabul edilmegi bolsa nusgawy şahyrymyzyň döredijiligine dünýä derejesinde goýulýan uly hormatdyr.
Üstümizdäki 2024-nji ýyl akyldar şahyryň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dürli dabaraly çärelere beslendi. 23-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Magtymguly umumadamzat şahyry» ady bilen geçirilen maslahat hem ony doly tassyklaýar. Maslahata alymlar, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda şahyryň adamzat jemgyýeti üçin terbiýeçilik mekdebine öwrülen baý döredijiligi barada giňişleýin çykyşlar edildi. Çykyş edenler türkmeniň beýik söz ussatlarynyň, taryhy şahsyýetleriniň adynyň we umumadamzat ähmiýetli döredijiliginiň dünýä derejesinde dabaralanmagynyň başynda duran Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.