HALYPALAR HATYRALANÝAR


HALYPALAR HATYRALANÝAR

Türkmenistanyň halk bagşysy Bally Mätgeldiýewiň ömri-döredijiligine bagyşlanan aýdym-sazly dabara geçirildi

Dutar sazlary asyrlaryň owazyny bize ýetiren milli senedimizdir. Ussat bagşy-sazandalarymyz bu gudratly senede erk edip, türkmeniň taryhy durmuşyny aýdymdyr sazlaryň üsti bilen beýan edip geldiler. Köňülleriň ruhuny göterýän bu sungat halypadan şägirde geçip, arkama-arka aýlanyp, türkmeniň toýuna bezeg, gamly gününe teselli, baýramçylyklaryna şowhun berip geldi.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe umumadamzat ähmiýetli aýdymdyr sazlary bilen dünýä meşhur bolan bagşyçylyk sungaty mynasyp bahasyna eýe bolýar. Häzirki döwürde halkymyzyň ömürlik hemrasy bolup gelen milli aýdymdyr sazlarymyzy, bagşyçylyk sungatynyň gazananlaryny, özboluşly ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen halkyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan halypalaryň bu ugurda bitiren hyzmatlaryny dünýä ýaýmak babatynda alnyp barylýan işler bellenilmäge mynasypdyr.

Ýurdumyzda halypa bagşy-sazandalara goýulýan sarpa uly. Bu ugurda hatyralary belent tutulýan bagşy-sazandalarymyzyň döredijilik mirasyna bagyşlanan dürli çäreler geçirilýär. 5-nji sentýabrda Daşoguz welaýat Akdepe etrap Andalyp şäher medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň hem-de Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen aýdym-sazly dabara hem Türkmenistanyň halk bagşysy Bally Mätgeldiýewiň ömri-döredijiligine bagyşlanyldy. Dabaranyň çäginde türkmen milli aýdym-saz mirasynyň, dutar senetçiliginiň sergisi guraldy. Dabara bagşynyň nebereleri, hormatly ýaşulylar we medeniýet-sungat işgärleri gatnaşdylar.

Dabarada ussat halypanyň baý repertuary, ýetişdiren şägirtleri, durmuş we döredijilik ýoly barada täsirli çykyşlar boldy. Dabara gatnaşanlar milli aýdym-saz sungatynyň taryhynda özboluşly ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen tanalýan halypalaryň döredijiligini öwrenmek we olaryň mirasyny halk köpçüligine ýaýmak babatda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.



Ogultäç HOJANAZAROWA