«GARAŞSYZLYK ÝYLLARYNDA MILLI SENETÇILIGIŇ ÖSDÜRILIŞI HEM-DE DÜNÝÄ TEJRIBESINI ÖWRENMEGIŇ DERWAÝYS MESELELERI» ATLY ONLAÝN MASLAHATY GEÇIRILDI
Berkarar döwletli bagtyýar ilimizde, eziz Diýarymyzda türkmen halkynyň taryhy-medeni baýlygyny gorap saklamakda, öwrenmekde we olaryň umumadamzat üçin ähmiýetini dünýä ýaýmakda alnyp barylýan işler guwandyryjy netijelerini berýär. Hormatly Prezidentimiz ençeme döwürleriň içinde kämillik derejesine ýetip, türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen gymmatlyklarymyzy öwrenmeklige giň ýollar açyp berdi.
Döredijilikli zähmetden paýly halkymyz müňýyllyklara nusgalyk boljak gymmatlyklaryň ençemesini döredipdir. Halyçylyk, zergärçilik, külalçylyk sungatynyň, keçe, telpek, dutar senetçiliginiň, keşdeçilik sungatynyň, mata dokmaçylygynyň meşhur önümleri türkmeniň şanly geçmişiniň öňe çykaran gymmatlyklarydyr. Bu gymmatlyklar nusgawy derejelere ýetirilipdir.
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda nusgalyk mirasymyz mynasyp bahasyna eýe bolýar. Häzirki wagtda naýbaşy gymmatlyklary bilen dünýä dolan milli senetçiligi ösdürmek, senetkärlerimiziň döredijiligini we olaryň esasyny goýan halypa-şägirtlik mekdebini döwrebap ýollar bilen dowam etdirmek we bu inçe senedi geljekki nesillere ýetirmek babatynda ýurdumyzda ägirt uly işler alnyp barylýar.
11-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäher Halk çeperçilik we amaly-haşam sungatyny dikeltmek, gorap saklamak, öwrenmek we ösdürmek boýunça merkeziniň bilelikde guramagynda geçirilen «Garaşsyzlyk ýyllarynda milli senetçiligiň ösdürilişi hem-de dünýä tejribesini öwrenmegiň derwaýys meseleleri» atly onlaýn maslahaty we ussatlyk sapaklary hem milli senetçiligi ösdürmegiň we bu ugurdaky dünýä tejribesini öwrenmegiň derwaýys meselelerine bagyşlanyldy. Maslahata ýurdumyzyň senetçileri, alymlar, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Amaly-haşam sungaty» fakultetiniň «Amaly-haşam sungaty» we «Sungaty öwreniş» kafedralarynyň mugallymlary, talyplary, kitaphana we muzeý işgärleri gatnaşdylar.
Maslahatyň çäginde amaly-haşam sungatynyň kämil nusgalaryny öz içine alýan türkmeniň nepis el işleriniň we senetkärleriň taýýarlan önümleriniň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň taýýarlan el işleriniň külalçylyk, zergärçilik önümleriniň sergisi guraldy. Şeýle hem ýurdumyzyň senetkärleriniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Amaly-haşam sungaty» fakultetiniň «Amaly-haşam sungaty» kafedrasynyň mugallymlarynyň gatnaşmagynda ussatlyk sapaklary geçirildi.
Maslahatda mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen milli senetçiligini we senetkärler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde alnyp barylýan işler, bu ugurda dünýä tejribesini öwrenmegiň derwaýys meseleleri barada gyzykly çykyşlar edildi. Maslahata gatnaşanlar türkmen halkynyň nusgalyk gymmatlyklarynyň dünýä ýaýylmagy ugrunda gije-gündiz uly tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, döwletli işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler.