Taryhdan taryply türkmen bedewi


Taryhdan taryply türkmen bedewi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatyndan ugur alyp, ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen bedewiniň baýramy bellenip geçilýär. Milli baýramlarymyzyň biri bolan Bedew baýramy bilen baglanyşykly geçirilýän dabaralar bir-birinden täsirli. Bedew baýramy mynasybetli Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Taryhdan taryply türkmen bedewi» atly sergi gurnaldy.

Sergide muzeý gaznasyndan gurnalan milliligimiziň nusgasy bolan at esbaplary we şaý-sepleri, eýer, eýerlik, at keçe, at ýapynça, serkeç, atyň naly, türkmen halylary, gadymy küýzeler we nakgaş eserleri, şeýle hem muzeý gaznasynda saklanýan milli gymmatlyklar görkezildi. Mundan başgada milli gymmatlyklar bolan orta asyrlara degişli keramika böleklerde atyň şekili, şeýle-de bürünçden ýasalan aty hem-de antik döwrüne degişli atyň we esgeriň şekili çekilen daş tapyndylar has-da täsirligi bilen tapawutlanýar. At torbalar, at ýapynjalar, nagyşlanan nallaryň görnüşleri, serkejiň käsesi bilen sergilenmegi gyzykly maglumatlardan söz açýar. Täze şäheriň iň gözel ýerleriniň biri bolan Halkara atçylyk akademiýasynyň, Halkara atçylyk toplumynda gyzykly at çapyşygynyň janly pursady görkezilen fotosuratlar, atçylyk obasynyň suraty bir-biri bilen sepleşip gidýän suratlar täsir galdyryjydyr.

Serginiň açylyş dabarasyna «Biznes reklama» gazetiniň baş redaktory, şahyr Seýitmyrat Geldiýewe, şeýle-de «Behişdi Ahalteke atlary» žurnalynyň baş redaktory Narly Nuryýew, «Garagum» žurnalynyň jogapkär kätibi Nurtäç Annamuhammedowa, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň türgençisi Allanur Hojamyradow hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş Arhiw müdirliginiň Arkadag şäher Döwlet Arhiwiniň hünärmeni Ýazmuhammet Ataýew myhmanlarymyz gatnaşdy. Olar bedewlerimiziň waspyny ýetirýän şygyrlardyr, täsirli tymsallar bilen dabarany gyzyklandyrdylar. Syn-syýakly, näzik owadanlygy, ýyndamlygy, edermenligi bilen dünýä ýaýran türkmen bedewleri bu gün çäksiz hormata mynasypdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze ösüşlere, milli sungatymyza giň ýol açan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.