Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda göçme sergi gurnaldy


Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda göçme sergi gurnaldy



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge, köp öwüşgünli ruhy dünýämizi döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, bagşy-sazandalarynyň döredijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda göçme sergi gurnady.

Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşi A.Hajyýewiň “Parahat zeminde bagtyýarlyk”, Türkmenistanyň halk suratkeşi Y.Gylyjowyň “Türkmenistanyň halk artisti Annageldi Jülgäýewiň portreti”, Türkmenistanyň halk suratkeşi Ş.Akmuhammedowyň “Nury Muhatowyň portreti”, G.Ýarmämmedowyň “Pagtaçy gyz”, A.Ataýewiň “Gopuzçy gyz” ýaly birnäçe ajaýyp eserler sergilendi.

Sergä gatnaşan myhmanlar täze şertlerde ylmyň gazanan täzeliklerine daýanyp ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan hormatly Prezidentimiziň halk bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.