«El hünäri il gezer»


«El hünäri il gezer»



Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň etnografiýasy ylmy-barlag bölüminiň ylmy işgärleri hem-de Türkmenistanyň Halkara gatnaşyklar institutynyň zenanlar birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda talyp gelin-gyzlarynyň arasynda geçirilen üme görnüşli dabara uly şatlyk-şowhuna beslendi. «El hünäri il gezer» ady bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň etnografiýasy ylmy-barlag bölüminiň gurnan sergisi ol ýerde geçirilen ümede milli gymmatlyklarymyzyň ajaýyplygy bilen öz beýanyny tapdy.

Serginiň barşynda döwlet muzeýiniň «Maddy medeniýet» gaznasynda saklanylýan muzeý gymmatlyklary, ýagny XIX-XX asyrlarda türkmen halkynyň milli mirasyna degişli bolan birnäçe aýal-gyzlaryň el-işleriniň görnüşleri, ýagny haly önümleri bolan horjunlar, çuwallar, torbalar, uk ujylar, gapylyklar, egin-eşikleriň toplumy ýagny erkek, aýal we çaga eşikleri, aýal-gyzlaryň dokmaçylykda ulanan esbaplary ýagny ikler, ýüň daraklar, türkmen halkynyň, ak öýüniň asyl görnüşi sergide görkezildi. Şeýle sergileriň geçirilip durulmagy talyp-ýaşlaryň türkmen halkynyň miras galdyran we nesillerden-nesillere geçip gelýän medeni, maddy, ruhy gymmatlyklary barada ýakyndan tanyşyp olar hakynda giňişleýin goşmaça maglumat almagyna we öz bilimlerini milli mirasyň üsti bilen has hem artdyrmaklaryna ýardam berýär.