«Merdana gerçeklere-baky şöhrat»


«Merdana gerçeklere-baky şöhrat»



Eziz Diýarymyzda sepleşip gelýän ýyllaryň ählisi haýyrly maksatlary öňde goýmak bilen başlanýar. Bu ýyla hem hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýlip at berildi.
Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji ýyllarynda Bitaraplyk derejesine eýe boldy. Biziň Bitaraplygymyzyň Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan iki gezek ykrar edilmegi örän buýsandyrjydyr. 1995-nji ýylda BMG-nyň Baş Assambleýasynda «Türkmenistan hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky Rezolýusiýa şol döwürde gurama agza 185 döwlet tarapyndan biragyzdan goldanylan bolsa, 2015-nji ýylda 193 döwlet tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna şu ýyl 25 ýyl dolýar.
Şu ýyl 1941–1945-nji ýyllarda dünýäni elendiren urşuň Ýeňiş bilen tamamlananyna hem 75 ýyl dolýar. Dünýä taryhynda ýatdan çykmajak yz galdyran 1941–1945-nji ýyllaryň urşunda müňlerçe türkmenistanly ýigitler doganlyk halklarynyň wekilleri bilen egin-egne berip, edermenligiň hem-de gahrymançylygyň beýik nusgasyny görkezdiler. Beýik Ýeňşiň 75 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Merdana gerçeklere-baky şöhrat» atly baýramçylyk sergisi gurnaldy. Şol serginiň çäginde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bilelikde Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli 2020-nji ýylyň maý aýynyň 7-ne weteranlar bilen duşuşyk geçirdiler. Duşuşykda olara gül çemenleri we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Dabarada mekdep okuwçylarynyň «Mukam» topary, Ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdep internadynyň «Mukam» skripkaçylar topary aýdym-saz bilen çykyş etdiler. Döwlet muzeýiniň işgärleri bolsa 1941–1945-nji ýyllarda bolan uruş we tyl wakalary barada gürrüň berdiler.