Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Watanyň göwher gaşy!» atly sergi


Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Watanyň göwher gaşy!» atly sergi



Halkara derejesinde geçirilýän festiwallaryň we sergileriň üsti bilen medeniýetini we sungatyny öwrenmek, geçirilýän forumlarynyň, sport çäreleriň we bäsleşikleriň üsti bilen Aşgabat şäherini dünýä tanady. Ak şäherimiz Aşgabadyň ajaýyp ymaratlarynyň we binalarynyň 2013-nji ýylda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi we dünýäniň iň beýik ak şäheri diýip yglan edilmegi ýurdumyzyň abraýyny has-da artdyrdy. Toýly diýarymyzda Aziýanyň merjen şäheri Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyk dabarasy bellenilýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Watanyň göwher gaşy!» atly baýramçylyk sergisi gurnaldy. Sergini muzeýiň direktory I.Orazow açdy, soňra Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklamak bölüminiň bölümçe müdiri Gülaýym Saparmedowa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy Nowçagül Almazowa, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hünärmeni Söýün Sähetgylyjow dagylar çykyş edip, Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy, bütin türkmen halkymyzy gutlap, ak mermerli Aşgabat şäherimiziň mundan beýläk hem özgerişlere beslenmegini arzuw etdiler.