Halkara zenanlar güni mynasybetli erkin suratkeş zenanlaryň el işleriniň döredijilik sergisi


Halkara zenanlar güni mynasybetli erkin suratkeş zenanlaryň el işleriniň döredijilik sergisi



Bahar paslynyň ilkinji baýramy bolan Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde şu günler baýramçylyk dabaralary uludan bellenýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde mart aýynyň 6-da Halkara zenanlar güni mynasybetli erkin suratkeş zenanlarynyň el işleriniň döredijilik sergisi gurnaldy.

Serginiň açylyş dabarasyna Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň halk artisti Çary Berdiýew gatnaşyp Halkara zenanlar güni bilen hem-de serginiň açylyş dabarasy bilen gutlady.

Sergide zenanlaryň görküne görk goşýan dürli görnüşdäki döwrebap egin-eşikler, täze görnüşli we bezegli şaý-sepler, bezegli şarflar, milli nagyşlar bilen bezelen torbalar, gelin-gyzlaryň gündeki durmuşda ulanýan nagyşlanan sandyjaklary, döwrebaplaşdyrylan nagyşlar bilen bezelen gap-gaçlar toplumy we mundan başga-da täze görnüşde ýerine ýetirilen dekoratiw bezeg esbaplary sergide görkezildi. Gelin-gyzlaryň el-hünärleriniň ussatlygy her bir sungat eserinde duýulýar.