Bagtyýarlyk döwrümiziň çeper keşbi


Bagtyýarlyk döwrümiziň çeper keşbi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli ýolbaşçylygynda eziz diýarymyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Altyn asyr» Türkmenistan teleýaýlymynyň alyp baryjysy Nowruz Güjowyň alyp barmagynda «Bagtyýarlyk döwrümiziň çeper keşbi» atly döredijilik söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşlige «Watan» gazetiniň bölüm redaktory Ogultäç Oraztaganowa, Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Ýusup Lallakow, Maksat Meredow we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy Gülşat Gurbanowa mundan başgada birnäçe myhmanlar gatnaşdylar. Öňdebaryjy hünärmenler halkymyzyň röwşen geljegine gönükdürilen beýik işleri amal edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan edýärler.