«Dal bedew jul içinde» atly söhbetdeşlik»


«Dal bedew jul içinde» atly söhbetdeşlik»



Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Ilkinji Zenanlar guramasynyň gurnamagynda türkmen bedew baýramy mynasybetli «Dal bedew jul içinde» ady bilen zenanlaryň el işlerinde we çeperçilik sungatyndaky beýanynyň waspy atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlik «Miras» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilip, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Aýjeren Gadamowa alyp bardy, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hünärmeni Laçyn Tosyýewa, Garagum žurnalynyň jogapkär kätibi Nurtäç Annamuhammedowa, Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Jemal Toryýewa dagylar çykyş etdiler. Söhbetdeşlik muzeý işiniň gurnalyşy, zenanlaryň el işlerinde milliligi, türkmen bedewiniň waspy dogrusynda boldy.